flowers_
27.03.2024 05:58
Owadan köçede owadan gelin. Owadan ulaga mündi-de gitdi.
Ÿary gije ÿene äkiden ulag.
Şol gelni
yzyna getirdi gitdi
Gelin ÿoldaşyñ bar, ajap güniñ bar.

Daşyndan bu zatlar nämä gerekdi
Gyÿyldy ÿürek, kim günäkär ÿigitmi?


Ÿene bir gün gabat geldim gyza,
Ÿeke özi oturyp dökdi gözÿaşyn.
Diÿdi ençe ÿyllap söÿen ÿigidim,
bu gün taşlap gitdi çytdy-da gaşyn.

NE söÿgä, ne wada berdi ol wepa
Gyÿyldy ÿürek, kim günäkär söÿgümi?


Çagaly bir gelni gözÿaşly gördim,
Ÿoldaşy öÿünden kowupdyr Keÿgi.
Sebäbi başgany söÿüpdir indi,
Gelninden, perzentden ezizmiş söÿgi.

Olar hakda hiç etmedi gaÿgy
Gyÿyldy ÿürek, kim günäkär gelinmi?


Bir çaga köçede çörek sorady,
Doÿurdym, oturyp gözÿaşyn dökdi.
Diÿdi: -ejem taşlap gitdi başga äre,
Kakamam gaharna şerapdan çökdi.

Oturdym oÿlandym tapmadym çäre
Gyÿyldy ÿürek, kim günäkär çagamy?

Kerim Gurbannepesow.
37
130
alma___
27 Mart 2024
Kerim agañ goşgusyna meñzànok
Dusia
27 Mart 2024
Hiç kimiň durmuşy hakda plan diýip bolanokda, ýa arkaňda aýagyňdan asylyp durandyr ýa-da öňüňde seni nyşana alyp durandyr kim bilýä, sen bolmasaň seň nesliňi...
XL-19
27 Mart 2024
@flowers_, mena bilemok 🤷 yone kerim aganky dal
tmyigit76
27 Mart 2024
Sorasaň bu "söýgi" diýer. Bulam söýgi diýen zada her kimiň öz garaýşynyň bardygyny aňlatýa.
flowers_
27 Mart 2024
@gassap_neo, be men ýalñyşaýdymmykam, kimiñkidi çyndanam?!🤔
XL-19
27 Mart 2024
Kerim agan gosgusa dal bu 🦥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.