Beýik Britaniýada Mastyň fermasy diýlen at bilen belli bolan gadymy bürünç asyryna degişli obanyň ýerinde geçirilen gazuw-agtaryşlar wagtynda içi şüleli gabyň we agaç çemçäniň üstünden bardylar. Şüle doly iýilmändir, muňa çemçäniň içindäki galyndylar hem güwä geçýär. Bu barada Kembrij uniwersitetiniň arheology Kris Ueýkfild CNN teleýaýlymyna beren interwýusynda habar berdi diýip, «News.ru» ýazýar.
Onuň sözlerine gadymy oba 2850 ýyl mundan öň ýangyn döräp, ýanypdyr. Arheologlar bu ýerden agaç bedre we keramika önümlerini hem tapdylar.