efsane_tm
26.03.2024 11:07
Rehimsiz gijäniñ düýbüne düşdim..

Rehimsiz gijäniñ düýbüne düşdim,
Mysaly girdap deý tükeniksilzik.
Tümlügiñ diline düşüner ýaly,
Gijeler barada tapmadym sözlik.

Gijeler barada tapmadym sözlik,
Ýyldyzlar gurt deýin asmany iýýär.
Şemalam geçýär ýuwaş pyşyrdap,
Aý hem şugla saçyp birzatlar diýýär.

Aý hem şugla saçyp birzatlar diýýär,
Güneşiñ nuryndan alyp öwüşgin.
Ýaraglanypdyr rehimsiz gije,
Çañyny artmaga pos bolan yşgyñ.


© Ömürdag Tagandurdyýew
44
67
efsane_tm
27 Mart 2024
efsane_tm
27 Mart 2024
munydagy okan azay
sabyrly
27 Mart 2024
👍
ideallider
26 Mart 2024
@efsane_tm, hakyky. Azap edip ýazylýar. Hmmmmm diýilibem geçilýär, höwes ölýär. Ýöne adamlar bu adamlar.
efsane_tm
26 Mart 2024
@ideallider, hickim hiczat yazmanyndan tankyt yazylanam gowy.. sebabi şunyaly yagday bolsa gosgym asgerilmedik yaly bolya, tankyt gelse herna okaldy )
ideallider
26 Mart 2024
Teswir ýazsam "At dakýaň" diýýärler. Soň menä hemmelere ýazmagada çekinýän.
efsane_tm
26 Mart 2024
13 adam okapdyr yone 21like, okaman like basyalar, goşgylarym gowydaldirda herna, az okalypdyr, teswirem yok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.