Birinji dünýä
(fantastik hekaýanyň dowamy)
- Men Wolareniň ekizi, biz meňzeş. Ilki bilen, Wolareniň ogurlamaga synanyşan artefaktyny ogurlaryn. Soňra Wolarene meňzeşligimden peýdalanyp jemgyýetiň içine syzaryn.
- Ajaýyp meýilnama Kirandis.
Kirandis Wolareniň ýalňyşyny gaýtalamazlyk üçin bir hepde taýýarlyk gördi... Ol artefakty ogurlady. Wolareniň ýalňyşyny gaýtalamady. Artefakty alyp, "Garaňky ýagtylyk" jemgyýetiniň gizlin mesgenine gelipdi. Ol gizlin ýeri Wolareniň ýatlamalaryndan öwrenipdi. Ony Mirawolen Darkfaýr garşy aldy:
- Sen... Tiranel Naýtfall, ýagny Wolaren däl. Sen Wolarene meňzäňok. Sakçylar ony tutuň! - Mirawolen onuň Wolaren däldigni içki bir güýji arkaly duýupdy.
- Saklanyň! Hawa men Wolaren däl. Men onuň ekiz dogany Kirandis. Wolaren öldi...
Kirandis Mirawolene ähli başdan geçirenlerini aýtdy. Mirawolen bolsa oňa jemgyýetden gorkmazlygyny, doganynyň ölümi üçin eden hereketlerine ýokary baha berýändigini aýtdy. Soňra Mirawolen Kirandisiň ogurlap gelen artefakty we oňa eýeçilik eden adam hakda gürrüň bermäge başlady.
- Seniň eliňdäki artefaktyň nämedigini we onuň kimlere degişlidigi bilýärmiň?
- Ýok bilemok.
- Bu artefakt - Mirawolen uludan dem aldy, soňra sözüni dowam etdi. - Bu artefakt düýşler bilen baglanyşykly, aýratyn bir tumar. Oňa eýeçilik eden kişi käbir jadylary okap ýatanda, eýesine gözegçilikli düýş görmägine, biriniň düýşüne girip bilmegine, düýş gündeligini tutmazdan gören düýşlerini açyk ýatda saklamagyna, düýşleriň kömegi bilen islendik wagt we giňişlikde bolup bilmesine (emma bu düýşde bolýany üçin bir wizýondyr, hiç zada täsir edip bilmez) we iň soňky mümkinçilik gorkunç düýş görmezligine mümkinçilik berýärdi. Bu artefaktyň eýesi Birinji dünýäde düýşleriň güýjüni açan jadygöýdi. Bu güýji bilen adamlaryň aň-düşünjesine syýahat edip, gorkularyny we isleglerini öwrenip, bu maglumatlary adamzadyň peýdasyna ulanýardy. Emma güýçli duşmana duşanda, bu artefakty geljek nesillere geçirmek üçin gizlemeli boldy. Soňra ol ogurlandy, erbet ellere düşdi. Doganyň Wolaren olaryň elinde jan berdi...
Kirandise Artefaktyň daşky görnüşi gaty täsir galdyrdy. Bu altyn zynjyrly boýna dakylýan, kristal ýyldyz şekilli bir tumardy. Kristal ýyldyzyň içinde ýalpyldawuk, jadyly gök suwuklyk bardy we kiçijik uçgunlar bu suwuklykda yzygiderli hereket edýärdi. Bu uçgunlar "düýş ýyldyzlary" diýlip atlandyrylýan düýşleriň güýjüni alamatlandyrýardy. Bu tumar diňe düýşleriň güýjüne düşünjek we şol güýji ak ýürekden ulanjak adamlar tarapyndan işjeňleşdirilip bilinýän artefaktdy. Mirawolen Darkfaýr Kirandise bu artefakt we geçmişi barada aýdanda, diňe sagdyn, akylly-başly ellerde bolmasy gerekdigini, tumarda uly güýçleriň bardygyny we nädogry ulanylanda garaşylmadyk betbagtçylyklara sebäp bolup biljekdigini aýtdy. Şonuň üçin Kirandise artefaktyň dogry saklanmalydygyny we dogry ulanylmalydygyny ýatlatdy.
Aradan birnäçe gün geçdi. Kirandis Tumaryň güýjüni barlamak maksady bilen, ony boýnuna dakyp jadyly sözleri okap uka gidipdi. Kirandis bu gezek hem şol düýşi görýärdi. Ýagtylyk we Garaňkylyk dünýäleriniň arasyndaky söweş. Kirandis Ýagtylyk dünýäsiniň düzüminde uruşýardy. Ol munuň düýşdigni bilýärdi emma näme üçindir, tumaryň güýji azlyk edýärmi, ol bu düýşi kontrol etmekde kynçylyk çekýärdi. Birdenem daş töwerek boşady. Boş, takyrlyk meýdan. Birdenem bir adam peýda boldy. Ol Kirandise salam berip gürlemäge başlady.
- Salam, meniň adym Naýtngel. Men ikinji dünýäden. Ýagny Eklipsiýa planetasyndan.
- Salam, men Kirandis. Sen meniň düýşümde näme işleýärsiň?
- Men aslynda bir ruh. Meni öldürdiler. Men siziň düýşüňize, siziň planetaňyzyň ýagny Birinji dünýäniň howp astyndadygny aýtmak üçin girdim...
SOŇY
© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
24.03.2024
UFA