flowers_
25.03.2024 11:35
Keýmir körüň akyly gelip-gitmeräk ogly bolupdyr. Keýmir ogluny edepli, akyl-paýhasly bir maşgala öýlendirmek isläpdir. Ol şeýle maşgalanyň gözlegine çykýar. Bir gezek meýdanda bir topar gyz odun ýygyp, gaýtjak bolup duran wagtlary ýagyş ýagmaga başlapdyr. Şol wagt Keýmir gyzlary synlap duran eken. Görse, ähli gyzlar ezilmejek bolup, odunlarynyň yk tarapynda durlar, emma bir gyz weli, ýygan odunyna ýagyş damdyrmajak bolup, penalap dur. Keýmir gyzdan: «Ýeri, keýgim, sen näme üçin odunyňy penalap dursuň, näme üçin onuň ygynda durmaýarsyň?» diýip sorapdyr. Gyz: «Aý, agam, meniň bir garryja enem bar, öl odun birbada tutaşmaýar, tüssesi köp bolýar. Enemiň gözüne tüsse gapsa, has hem erbet boljak, eşigim öl bolsa, zyýany ýok. Eşiklerimi oduň ýanynda sersem, bahym gurar» diýen. Keýmir «Megerem, bir zat çyksa, şu gyzdan çykar» diýen umyt bilen gyzdan öýlerini soraýar. Gyz öýlerini salgy berýär, Keýmir olara barýar-da, gyzy synlap otyrýar. Gyz çaý gaýnatjak bolup, ojaga ot ýakanda, Keýmir ony mazaly synlaýarda, onuň bir gözüniň çalaja gyşygrakdygyny aňşyryp: «Öý-ä oňat öý eken weli, azajyk çagarygy gyşygrak eken» diýip, kakdyrybrak aýdanda, gyz derrew düşünip: «Çagarygy gyşyk hem bolsa, tüssesi dogry çykýandyr» diýip, çäresiz jogap beripdir. Keýmiriň gyzyň jogabyna göwni ýetip, ony gelin edinipdir. Gelin Keýmiriň oglunyň daşyny gallap, onuň maşgalasyna biabraýlyk getirmeýär. Keýmir gelnine guwanar eken.

Keýmir bir gezek alys ýurda ýesir düşýär. Şonda ol hana garap, şeýle diýýär: «Han, men saňa ýüz ak goýun, ýüz ala goýun, ýüz gyzyl goýun bereýin, sen iki sany adam iber! Olar baryp, meniň gelnime: «Seniň gaýynataň şunça zat bersin we gapyda iki sany bag goýun bardyr, olaryň birini söwüş etsin, birini ýol hurşy» diýip aýtsalar, ol düşüner, olaryň işlerini düzedip, derrew ýola salar» diýipdir.

Han onuň obasyna iki sany adam iberýär. Oba adamlary birbada «Dogrudanam, dört ýüz goýun diýendir» diýip düşünýärler. Keýmiriň gelni gaýyn atasynyň göçme manydaky pikirini derrew aňşyrýar, emma birbada daşyna çykaryp bilmän, «Ili biliksiz (bilimsiz), iti gylyksyz» diýip, ýatan itiň böwrüne depip goýberýär. Adamlar bu gepiň aňyrsynda uly bir syryň bardygyny aňýarlar-da, onuň manysyny gelinden soraýarlar. Gelin: «Keýmir agaňyz çäresiz ýatyr. Ol: «Meniň daşym gaty berk, eger ýüz sany men diýen aksakgal, ýüz gyrçuw, ýüz gara sakgal, ýüz ýaş ýigit atly bolup gelip goldamasalar aldyrar ýaly däl» diýipdir. Iki baggoýun diýeni: «Bu gelen adamlaryň biriniň geregi ýok, birini ýol salgy üçin alyp gaýdyň, galany görkezenden soň, onuňam geregi ýok! diýipdir» diýýär. Oba adamlary gelniň paýhasy bilen Keýmiri halas edipdirler.


Çeşme:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşligi.
39
121
flowers_
26 Mart 2024
😒
flowers_
25 Mart 2024
@eyle, mümkin))
eyle
25 Mart 2024
Wah, şolar ýaly gyzlar ýolbarsunerlary däl-de, goýunsunerlary saýlaýar-da. Şoñ üçinem Pyragy " Namarda duş etdiñ ýaryñ ýagşysyn..." diýen jümläni döreden bolmagy ahmal, içýangyjyna
ideallider
25 Mart 2024
@flowers_, rewersiw psihologiýa👍
flowers_
25 Mart 2024
@ideallider, men ýöne sorag berip pikriñizi bilmek isläpdim)), añyr ýany bilen düşündim, bütün millete hiç zat diýmeris🤦‍♀️
ideallider
25 Mart 2024
@flowers_, men "Ýaltalyk" barada söz açmandym. Adaty bu ýönekeý diýenýaly manyny berýär. Siz biraz ýalňyş düşünipsiňiz. Bütün millete "Ýalta" diýip bolmaz ahyry🤷‍♂️
flowers_
25 Mart 2024
@ideallider, biz ýaltamykak, köplenç adatylygy saýlaýas)
ideallider
25 Mart 2024
Ýolbars ýolbarsy tapar, şagal şagaly. Güýçli pesi alar we güýçlendirer hem güýçlener. Adaty öz deňini alar we adatylygyna galar👍
yurek
25 Mart 2024
Juda gyzykly hekaya onem okapdym yene birnji sapar yaly okadym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.