💫Umudum
25.03.2024 11:18
Bagyşla Eje

Arassa geýdirip,saçymy darap,
Ýola çyksam,galdyň yzymdan garap.
Aladalam bilen seň halyň harap,
Agaran saçlaryň sebäbi boldum.

Näme iýjek diýip sözüme uýan,
Özüniň paýyny tabagma guýan.
Gaty nana bokurdagyny gyýan,
Dökülen dişleriň sebäbi boldum.

Ýüiksiz bolsun diýip balalaň egni,
Öziň üçin ýaşamanyňa dogry.
Aslynda men seniň ömrüňe ogry,
Sowulan ýaşlygyň sebäbi boldum.

Çagalary doýurmagyň alada,
Çykarmagyň,öýermegiň alada.
Bagyşla Ejemjan meni ýene-de,
Tükenmez işleriň sebäbi boldum.
32
31
flow
25 Mart 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.