Mümkindäl..
Aşmajak amallar bardyr älemde,
Ölmezden baky ýaşamak ýaly.
Yşgymyñ jylawy bolsa-da mende,
Seni söýmezlik asla mümkindäl.
Haçan-da elime galamy alsam,
Keşbiñi siñdirýän setirlerime.
Gözel kamatyñy ýadyma salsam,
Taryplamazlyk asla mümkindäl.
Näçe taryplasam, bilýän indi giç,
Sen özge dünýäde, men bolsa munda.
Ne kalpda aram bar, ne ruhymda güýç,
Seni utumak asla mümkindäl.
Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.