💫Umudum
24.03.2024 16:08
Kakasyz gyzlar


Kesek bilen uruň agyrmaz jany,

Ýuka ýürekdedir ýaraly yzlar.

Gaýryň söze aglar,egmez başgany,

Gözi ýaşly güler kakasyz gyzlar.


Enäň gadryn iň köp olar bilýändir,

Kaýyl hyzmatynda epilse dyzlar.

\"Kaka\"-diýseň uludan dem alýandyr,

Gadyr biliň kakasy bar şagyzlar.


Duýuň,nala çekýän ýürek gohuny,

Beýanymdan aglap durka kagyzlar.

Almaweriň şol ýürekleriň ahyny,

Bitmez ýaralydyr kakasyz gyzlar.

Avtory:Nurana Arslanova
36
87
💫Umudum
27 Mart 2024
@elya, bolia senem sag amanja yatyp tur )
💫Umudum
27 Mart 2024
@elya, bolia kop sag bol :)
💫Umudum
27 Mart 2024
@elya, gynandym🥺mnm onler okaman gecyadim sebabi mana degisli yeri yokdy😔
💫Umudum
27 Mart 2024
@elya, sizem seyle gosgylary halayanyzmy😔🥺
Akram_Beshimov
24 Mart 2024
📌Nurana Arslanowa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.