flowers_
24.03.2024 14:29

Naşyja sowgatlar.


Çet gyrada ýerleşýän obalaryň birine bir dana goja göçüp gelipdir-de, şol ýerdede ýurt tutunypdyr. Ol çagalary gowy görüp, köp wagtyny şolar bilen geçirýär eken. Goja çagalara sowgat bermegi hem gowy görüpdir, ýöne diňe näzijek, döwülegen zatlary sowgat edýärmişin. Çagalar näçe serasaply bolmaga jan etselerem, olaryň täze oýnawaçlary köp döwülýän eken. Olar muňa gynanyp aglaýarmyşlar. Biraz wagt geçensoň dana goja olara ýene, öňküdenem näzik, juda ejizje oýunjak sowgat berýärmişin.

Onsoň bir gün çagalaryň ata-eneleri çydaman, onuň ýanyna barypdyrlar:

— Siz bir akylly-paýhasly adam. Çagalara diňe ýagşylyk isleýänligiňizem bilýäris. Ýöne olara näme üçin beýle naşyja, çalamydar sowgatlary berýärsiňiz? Olar döwmejek bolup, seresap boljak bolup näçe jan etselerem, oýunjaklar barybir tiz döwülýär, çagalaram muňa gynanyp aglaýarlar. Beýle naşyja, gowuja sowgatlary oýnaman oturmagam kyn.

Goja myssa ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir:

— Ýene-de sähelçe ýyl geçer welin, kimdir biri olara özüniň ýüregini sowgat berer. Belki, meniň oýnawaçlarym olara dünýädäki iň gymmatly sowgada seresaplylyk bilen çemeleşmelidigini azda-kände öwreder... h4>

Orazmyrat Myradow.

39
83
XL-19
25 Mart 2024
@medik_, kumsuk name 🙄
flowers_
25 Mart 2024
Açyldymy görüñ😏
medik_
25 Mart 2024
@gassap_neo, kúmsúkda sen sen sebabi😁
XL-19
25 Mart 2024
@medik_, aydyana 🙄 indi birzat bolsa gassap gunali
medik_
25 Mart 2024
@flowers_, 🤦🏻‍♀️yene name etdin diyyanmi😁😅😂
flowers_
25 Mart 2024
@gassap_neo, 😂😂
XL-19
25 Mart 2024
@flowers_, medik joran birzat edendir 🥱 sorap gor
XL-19
25 Mart 2024
@flowers_, vpn acyan video goyandyrlar
flowers_
25 Mart 2024
@gassap_neo, vpn açyan eken
XL-19
25 Mart 2024
@flowers_, mendal 🤷 agsam gelsem seyle bolpdyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.