flowers_
23.03.2024 20:41
PÄHIM BOSSANY.


Eger bir akylly adam ýalan sözlese, ony uzak wagtlap özi hem unudyp bilmez.

* * *

Kim öz nebsine ýalançylygy öwretse, ol dogruçylyň dogry sözüne hem ynanmaz.

* * *

Jomart malyny halal ýol bilen gazanan we ony hakyky berilmeli ýerine sarp eden kişidir.

* * *

Söz aýdyjy tagallasyna görä ornuny tapar, gylyç – gylyç salyjynyň güýjüne görä keser.

* * *

Akylly akyly bilen, ýolbars güýji bilen.

* * *

Ähli zat akyla mätäçdir. Akyl tejribä mätäçdir.

* * *

Akylly özüniň arzuw-islegleriniň uýanyna erk edip bilýän kişidir.

* * *

Akyl bilen tejribe biri-birine ýardam etmekde, göýä, suw bilen toprak ýalydyr. Eger olaryň birden-biri bolmasa, onda biriniň ýeke özüniň ýerden ösümlik çykarmaga güýji ýetmez.

* * *

Diňe öz garaýşyna esaslanýanyň pikiri dogry bolmaz.

* * *

Edepleriň iň gowusy, eýesiniň öwünmedik edebidir.

* * *

Adamyň gözleri onuň kalbynyň salgysydyr.

* * *

Ýagşy niýet edilmeli işleriň ýarysydyr.

* * *

Gaharlanmaýan adamyň mydam pikiri durudyr. Adam gaharly wagty oýlanman, diline gelen sözi aýdar.

Toplan Döwran DURDYÝEW.
32
104
amanmyradowna_
23 Mart 2024
@flowers_, @geldiyevna, wah gòrgùljùgiñ peti kakyldy😂
flowers_
23 Mart 2024
@amanmyradowna_, Salam bizem petigarany yatlap otyrdyk😄
amanmyradowna_
23 Mart 2024
Salam😁
flowers_
23 Mart 2024
@geldiyevna, gurtdyñ diýşi ýaly ýedi ädimden bir Salam😁
ideallider
23 Mart 2024
@geldiyevna, mmm bolýa👍
ideallider
23 Mart 2024
@geldiyevna, öz ýalňyşyndan sapak alan adam, başgaň ýalňyşyndan sapak-alan alym👍
ideallider
23 Mart 2024
@flowers_, ony menden gabandyň hasap edäýeli😋
flowers_
23 Mart 2024
@geldiyevna, ilki Salamy unudup soñam birbiriñiziñ ýüzüñizi ýuwan bolýañyzmy😁
ideallider
23 Mart 2024
@geldiyevna, öňki nikiňiz nämedi?
ideallider
23 Mart 2024
@geldiyevna, öwrediş usullaryny üýtgedipgör.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.