selbiska
23.03.2024 19:02
Kiçi wagtym ejem-kakam maňa ýatan ýerimden kitap okatmagy rugsat berenokdylar.Şu wagt ôz çagalaryma kellelerinde durup, aýaklaryny ýolaryk galdyrybam okamana rugsat berýän,şonda-da okanoklar.

*****
Entäk durmuşyň hezilini görmedik gyz ýürek operassiýasyna girjek bolup dur.Gyzyň ýanynda kakasy we söýgülisi ugradyp dur.
–Oglan: operassiýadan soň nesip bolsa gowy bolorsyň Merjenim.İndiki aý toý tutarys,seni iň bagtly zenan ederin.
–Gyz: Myrat, Kaka siziň ikiňizi-de gaty söýýän.
Gyzyň operassiýasy gowy geçdi.
–Gyz: kaka Myrat nirde?
–Kakasy: Gyzym mert bol! Myrat aramyzdan gitdi.Ol saňa öz ýüregini bagş etdi.Myrat hemişe seniň gursagyňda...
–Gyz: Näme... –diýip gyzyň gözlerinden ýaşlar dökülip ugrady.
–Goý aglama gyzym, oýun etýän.Ol dalboýob nasyny tükürip gelmäne gitdi.

*******
Täze Nakyllar:
1.İr turan işinden dynar, urşan dişinden.
2.Gawunyň gowsuny şagal iýer, telefonuň zarýadyny imo.
3.Ody özüňe bas ötmese täzeden bas
4.yakma bişersiň nerwa degme çorna düşersiň
5.Tâze baýdan pul karz alma
6.Şyk şyk etýän naldyr, iş bitirýän puldyr.

*********
𝚁𝚞ç𝚔𝚊 😂
Ruçkaňy ýitirýäň – Ruçka ýok
Ruçka ýok – Ýazgy bellik ýok
Ýazgy bellik ýok – okamana zat ýok
Okamana zat ýok –ekzamenda şowsuzlyk
Ekzamenda şowsuzlyk – diplom ýok
Diplom ýok – iş ýok
İş ýok – pul ýok
pul ýok – iýmit ýok
iýmit ýok – aç
aç – hor
Hor – betnyşan
Betnyşan – söýgi ýok
söýgi ýok – toý ýok
toý ýok – çaga ýok
çaga ýok – ýekelik
ýekelik – depressiýa
depressiýa – hassalyk
hassalyk – ölüm
--------------------------------------------------------
size maslahat ruçkaňyzy ýitirmäň
--------------------------------------------------------

********
Mugallym:
–Kimiň Jennete gidesi gelýâr?
Okuwçylaryň hemmesi elini galdyrdy ýöne bir okuwçy elini galdyrmady
Mugallum elini galdyrmadyk okuwça seredip: Seniň näme Jennete gidesiň gelenoňkmy? diýip soraýar.
Okuwçy: Ejem maňa göni mekdepden çykyp öýe gel diýdi!!!!!!

**********
Okuwdan öýe gaýtjak bolýan welin Taksi 15-20 Manat.Menem okuwyň ýanyndaky dönerçiden 15 manada döner dostawka etdim, dostawşik bilen bile öýe barýas şuwagt....

*************
Ejem bilen manty büküp otyrdyk.
Ejem meň büken mantylaryma seretdide: ,,Şu bedroýlary özüň iýersiň" diýdi.

**********
Kiçikäm uly klaslaryň kitabynya seredip ,,Bäh , gaty kynlaý, nâdip düşünýälerkä?" diýýärdim.
Özüm uly klas bolamda bildim, olaram düşünenok ekeni 😂😂😁

********
1 –Saňa byr zat aýtjak.... ýöne 5-i oka
2 –Gyssanma!! 8-i oka
3 –Bilesiň geldi dälmi??? 9-y oka
4 – Nemeee... sen iň gowsy 15-i okaýda
5 –Aýtjak däl... sen 17-ni oka
6 –Aýdasym gelip durda... sen 16-ny oka
7 –Bor aýtjak... sen 2-ni oka başda
8 –Waah aýtjak bolýan zadym... 4-i oka ))
9 –Tolgunma... 18-i oka
10 –Dur entäk )) 19-y oka
11–Gaharlanmasana =)) 13-i oka
12 –Neme diýjektim... aý bolýala 3-i oka
13 – Häzir bilersiň... 20-ni oka
14 – seni cyndanam gowy goryan
15 –Bilýän sögünýänsiň ... ýöne 6-ny oka
16 –Düşünmediň gerek... 12-ni oka
17 –Uff nätdiňä... 7-ni oka how
18 –Sen bara gaýrat etde 10-ny okaýda
19 – 11-i ýuwaşjadan oka indi
20 – Bolýa aýtdym onda 14-i oka haýyş

******
𝙼𝚎𝚔𝚍𝚎𝚙 𝚠𝚊𝚐𝚝𝚕𝚊𝚛𝚢.😁
Parta–ýassyk😴
Mugallym–Gitler
Musur bedre– Basketbol topy🏀
Pallamak –ýokaşýan kesel
Okuw– türme👮🏻
Çykyş jaň–halas bolmak
giriş jaň – jynaza ýöriş
Arakesme –azatlyk 📢
Ruçka – sakgyç🍬
okuwa gitmek – urşa ýöriş ⚔
okuwdan gaýtmak – uruşdan diri gaýtmak
kesellemek – dynç almak
ekzamen – ezrail bilen sorag-jogap
19
268
Akram_Beshimov
23 Mart 2024
Okuwdan öýe gaýtjak bolýan, .... okuwyñ ýanyndaky .... dostawka etdim, dostawşik bilen öýe barýas🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.