manolya
23.03.2024 17:44

Agyz beklemegiň jemgyýetçilik ýaşaýşy bilen baglanyşykly ençeme hikmetlerinden bir hikmeti şudur:



Haktagala her bir ynsany eklenç, gün-güzeran babatynda biri-birinden tapawutly edip ýaradypdyr. Şoňa baglylykda, Allatagala barly adamlary garyp-gasarlara ýardam etmäge çagyrýar. Barjamly adamlar Remezan aýyndaky agyz beklemegiň üsti bilen garyp-gasaryň gözgyny ýagdaýyna we açlygyň nämedigine doly göz ýetirýär. Oraza bolmasa, birentek nebsewür hem berimsiz baýlar açlyk, garyplyk diýlen zadyň nähili külpetdigini, şol ýagdaýdaky ynsanlaryň näderejede merhemete mätäçdigini bilmezdi. Diýmek, oraza aýynda ynsanyň tebigatyndaky özge ynsanlara bolan merhemet duýgusynyň esasynda hakyky, halys şükür ýene bir ýola ör boýuna galýan eken. Islendik adam haýsy hem bolsa bir jähetden özünden has garyp bolan kişini tapyp bilýär. Şunlukda, onuň üçin şol mätäje rehimdarlyk elini uzatmak jogapkärçiligi döreýär. Eger nebse agyz beklemek mejbur edilmesedi‚ rehim-şepagat duýgusyndan gözbaş alyp gaýdýan her bir adamyň ynsanlyk borjy bolan birek-birege hemaýaty etmek, goldamak ýaly oňat işleri berjaý etmezdi, etse-de çynlakaý bolmazdy. Sebäbi ol hut şol ahwalaty öz başyndan geçirmeýär, muny duýmaýar.


çeşme:""Ýa Remezan '"kitaby
34
52
manolya
24 Mart 2024
manolya
24 Mart 2024
@Bitter, hawa :-(
möjek_daýy🐺
24 Mart 2024
❤️❤️❤️
komekovva
23 Mart 2024
Yasasyn Ramadan 💝✨
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.