manolya
23.03.2024 13:16
1Dünýäde iň kiçi şäher


Dünýäde iň kiçi şäher Horwatiýaniň çäginde ýerleşýän Hum şäheridir. Şäheriň ilaty 20 adamdyr (deňeşdirip görüň: iň uly şäheriň ilaty 23 milliondan geçýär). Şäher XI asyrda Rim imperiýasynyň şäherleriniň biriniň harabaçalygynda döreýär we şonuň netijesinde Hum şäher derejesini alýar.
.


2Dünýäde ýagşyň iň köp ýagýan ýeri

Dünýäde ýagşyň iň köp ýagýan ýeri Hindistandaky Mawsynram obasydyr. 1985-nji ýylda bu ýere gaty kän ýagyn ýagdy (26000 mm), bu waka hatda Ginnesiň kitabyna-da girizildi. Mawsynramda ýylda ortaça 11862 mm ýagyn ýagýar.

3Dünýäde iň giň köçe


Dünýäde iň giň köçe Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde ýerleşýän «9-njy iýul şaýoly» («9 July Avenue»)» bolup durýar. Bu köçäniň giňligi 140 metr we uzynlygy 1 kilometrdir. Köçäni kesip geçmek üçin birnäçe minut gerek bolýar, sebäbi köçede birnäçe sany swetofor bar.

4Sportuň iň peýdaly görnüşi

Sportuň saglyga iň peýdaly görnüşi suwda ýüzmekdir. Suwda ýüzmek adamyň tutuş bedenine, aýratyn-da merkezi nerw ulgamyna peýdalydyr. Sportuň bu görnüşi dem alyş ulgamyny ösdürýär, ýürek damar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar. Oňurgasy gyşyk (şol sanda küýki), arkasynda agyry duýýan we başga-da ençeme oňurga keselli adamlara suwda ýüzmek peýdalydyr. 25 gradus ýyly suwda ýüzülende, bedende madda alyş-çalşygy 60-70% tizleşýär, şonuň üçin suwda ýüzmek horlanmak isleýän adamlara-da peýdalydyr.

5Dünýäde iň gyşyk bina


Dünýäde iň gyşyk bina Polşanyň Sapote şäherinde gurlandyr. Bu bina 2004-nji ýylda gurulýar we şondan bäri hem syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. 4000 inedördül metr meýdany tutýan binada söwda we dynç alyş merkezi ýerleşdirilendir.
36
117
nazzidade
24 Mart 2024
In gin koce biraziliyada 250metr diyip okapdym bir cesmede
manolya
24 Mart 2024
@oktyabr_03, 👍🏻😁
möjek_daýy🐺
24 Mart 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.