Meni Bagyşlama jemleÿji bølùm dovamy
Ýüregim ýerinden gopandyr öýtdüm. Allajanlarym! Bu kimkä? Ses gelen tarapa utançdan ýaña zordan garadym. Agam Sähetdi. Merdanyñ bedenini özümden daşlaşdyryp işige bakan süýşdüm.
Agam "Gelme" diýen manyda elini daldalatdy. Duran ýerimde durdum. Ol bolsa sesini çykarman, gapyny batly ýapyp çykyp gitdi.
Nädip aşak çökenimi bilemok. Tutuş süññüm saññyldaýardy. Agam - ýer ýüzündäki ejemden soñ iñ ýakyn hossarym men betbagtyñ neneñsi ygrarsyzdygyny bilipdi. Indi onuñ ýüzüne nädip gararkam? Wah, ondanam beteri ol meniñ ýüzüme gararmyka? Merdan elini uzadyp, meni oturan ýerimden galdyrjak boldy. Oña zordan "Git" diýdim. Geplemäge-de gurbatym ýokdy.
2-3 gün soñ öýlänler ejem jañ etdi. Saglyk-amanlyk soraşdy. Barybir sesinde bir näsazlygyñ bardygyny añdym. "Eý Hudaý. Agam aýdaýdymyka?" diýip oýladym.
- Eje, sesiñ gowy däl-le, oñatçylykmy? - diýip soradym.
- Gyzym, agaña bir jyn-a urupdyr. Hiç haýsymyz bilen gepleşmän, içini hümledip ýörmäni çykardy. Düýnem sen-de ýok, men-de ýok daşary ýurda gitjek diýýär.
Wah, agam jan. Jigisiniñ namyssyzlygyna ýere girip bilmän ýörmükä? Aýtsa maşgalam bozuljak, aýtmasa ynsabynyñ sesi gününe goýmaz. Onam iki jahan owarrasy edip goýaýdymmykam?
Agam diýenini gögertdi. Maşgalasynam alyp ötägitdi. Gitjek güni hoşlaşmaga gelsem, "Bamysyñam" diýmedi. Diñe maşynyna münjek bolup durka ýüzüme seredip, bir zatlar diýjek boldy-da hyrçyny dişledi.
Bir aý gowrak wagt geçeninden soñ Merdan ýene geldi. Bu gezek gaharlydy. Öýlenenine iki ýyl wagt geçenem bolsa perzendi bolmaýan eken. Aýalyny söýýändigini, goşuny aýyrasy gelmeýändigini aýtdy. Iñ soñunda-da meñ garaşmaýan hörpümden gopdy.
- Oglumy maña ber. Señ ol bolmanda-da dört sany çagañ bar. Meñ bolsa...
Bolan zatlar içime syganokdy. Kimdir birine aýdasym gelýärdi. Hossarlaryma aýtsam meni näletlärler, joram diýseñ maña ýalan sözledi. Garaz, derdinişere hiç kim ýadyma düşmedi. Birdenem, şo-ol keselhana düşüren sürüji ýadyma düşdi. Jañ etdim. Oña tutuş durmuşymy bir zarbada gürrüñ berdim. Ökünjimiñ, ahmyrymyñ çäksizdigini aýtdym. Diñledi. Arasynda duýgudaşlyk bildirmegem ýadyndan çykarmady.
- Señ dermanyñ men - diýdi.
- O näme diýdigiñ? - diýip soradym.
- Sen meñki bolmaly - diýip suñşurdy.
- Bihaýa - diýip sögenimi duýman galdym. Ol bolsa yza teserli däldi.
- Adamyña bolan zatlaryñ ýetmeginden gorkañokmy? Diýenim bolmasa hiç zatdan çekinmeýän .
...Ölmek babatda ilkinji ýola haçan oýlananym ýadyma düşenok. Belki, Merdan maña ikilik edeninde, belki-de agam gidenindedir. Ýöne hiç haýsynda-da beýle aýgytly hereket edip bilmändim. Düşen bialaçlygy neneñsi çuñ bolsa özüni ýoklamaga şonça-da batyrgaý çemeleşer ekeni ynsan. Öñler geñ görerdim özüni heläkleýänleri. "Adamy bu ýola näme iterip bilerkä? " diýip oýlaýardym. Indi welin bu maña añryýany bilen düşnükli. Özüñi heläklediñmi? Diýmek, başga ýol ýok.
Kiçijikkäm goñşumyzyñ ýañy ýigrimi ýaşan ogly özüni asypdy. Şonda atam töweregindäkilere " Bilip goýuñ, Hudaýyñ beren janyny diñe Hudaý alyp bilýändir. Öz janyña kast etmek günädir" diýipdi. Şol söz ulalanymdan soñam añymdan çykmady. Häzirem atamyñ sözleri gulagymda ýañlanýar. Men bolsa oña "Başga alajym ýok" diýip boýnumy burup jogap berýärin. Goý men munuñ üçin dowzahda ýanaýyn. Dowzahy men ondan has öñ gazanypdym-a. Goý, günäkär bedenim ataşlar içinde çabrasyn. Belki, şonda azajygam bolsa günälerimiñ azaby ýeñlär. Bu däli dünýäni terk edýänligim üçin gynanamok. Ýeke oýlanýan zadym yzymda perzentlerimiñ galjakdygy. Ýöne , kakasyna ikilik edip, namysyny aýak astyna alan ejäniñ bolanyndan bolmany gowy dälmi nä? Goý olaryñda ejeleri maşgalasyna wepaly zenan bolup ýaşasyn.
Garýagdy, men seni tanaýan. Gadamy öz ganyñdan bolmasa-da öz perzendiñ ýaly görjegiñe şübhäm ýok. Şonda-da aýtmasam hatym öz borjuny ýerine ýetirmejek ýaly.
Oglumy, gyzlarymyzdan kem saklama. Iýjegini-geýjegini ýetir. Atalyk mähriñi gysganma. Enelik mährinden ganmadyk oglum iñ bolmanda ata mährini bir ine-gana görsün. Bu saña ýeke-täk wesýetimdir.
Häzir sen işdesiñ. Garabaşynagaý bolup başlygyñ özüñe tabşyran ýumuşlaryny ýerine ýetirýänsiñ. Öýe gelmegiñe dört sagat bar. Diýmek, bu hat saña men amanadymy tabşyranymdan soñ gowşar. Şonda meniñ ähli etmişlerimi bilersiñ. Saña "Meni bagyşla" diýip biljek däl. Tersine, meni hiç haçan bagyşlama! Eden günälerimiñ azabyny çekeýin"
Garýagdynyñ okap oturan hatyndan ünsüni sowan zat şepagat uýasynyñ ýanyna gelip, özüni heläklejek bolan aýalynyñ essine gelendigini buşlamagy boldy...
19.09.2023 ý.
Mahym Nurgeldiýewa.