Kicxi_maniak
21.03.2024 21:05
"Meni bagyşlama!" (soñy)
Keselhanadan çykan günüm öýde golaý-goltumy çagyryp, pişme bişirdik. Ýadawlygym halys per beren däldir-dä, üýşmeleñden soñ ýanymda ýatan bäbejigimiñ eljagazlaryny sypalap, uklap galypdyryn. Gijäniñ birmahaly oýandym. Seretsem, ýanymda Gadam ýok. Ýüregim ýaryldy. Ýerimden nädip syçranymy bilemok. "Gadam" "Gadam" "Oglum nirede?" diýip, garañkynyñ içinde töweregimi elim bilen sermedim. Janhowluna çyrany ýakmagam kelläme gelenok. Sermenip ýörşüme eýwana çykdym. Birdenkä-de goñşy otagdan seniñ "Biz bärde" diýen sesiñi eşitdim. Görsene, sen eliñde jäjekler bilen oña "tomaşa" görkezýärsiñ. Gadamam zordan açylýan gözjagazlaryny tegeläp, saña seredýär.
" Oýandy welin seni turuzmasyn diýip goñşy otaga getirdim" diýip, pyşyrdadyñ. Onýança-da bir ýerlerden gyzlarymyz peýda bolup, seniñ edişiñ ýaly Gadama her tüýsli oýunlar görkezmäge durdular. Duran ýerimden butnaman ajaýyp görnüşi synladym.
Gadamyñ maşgalamyzy öñküsinden jebisleşdirendigi hakykatdy. Sen işden boldugyça ir gaýtjak bolup yhlas edýärdiñ. Gelibem sen-de ýok, mende ýok gundaglyja Gadamy eliñe alyp ýüzünden-gözünden ysgaşdyryp, ogşardyñ.
Bir gün Gadamy Aýşada tabşyryp adatdakylarym ýaly biş-düşüñ ugruna çykdym. Şonda körpe gyzymyz Altynaý eli telefonly ýanyma geldi.
- Eje seni soraýar.
Göwnüme hiç hili güman getirmämsoñ sesim parahat çykdy.
- Kim eken gyzym?
- Merdan ussa.
Eý Hudaý! Merdan! Ony unutmaga başlapdym. Belki, bu duýdansyz jañy bolmadyk bolanlygynda goýberen uly ýalñyşlygymam ýadymdan çykaryp, hiç zat bolmadyk ýaly ýaşap ýörerdim. Merdanyñ sesiniñ şadyýan, şol bir wagtyñ özünde-de hasap soraýjy äheñi bardy.
- Oglumyñ bolanyny näme üçin aýdañok maña?
Kim aýdypdyr, nädip aýdypdyr bilemok, ýöne gulagyna degipdir. "Oglum" diýip bolan boluşjygyna sered-ä. Hamala, maña ikilik eden özi däl ýaly.
- Ol seniñ ogluñ däl.
Sesimiñ ýeterlik derejede azmly hemem hökmürowan eşdilmegini isleýärdim. Tersine, gulagyma nalajedeýin, bialaç zenanyñ sesi bolup doldy. Merdan badyny gowşatmagyñ deregine has-da beleñ alýardy.
- Ýalan sözläp sypaýjak bolýansyñ. Äriñden ogul boljak bolsa buwada çenli bolardy.
Içimden ençe ýola "Binamys, binamys" diýip gaýtalaýardym. Özüm bilmezden daşymdan diýipdirin. Bu gezek Merdanyñ aýgytlylygynyñ ýatyşandygyny duýdum.
- Ýeri bolýa, wagt görkezer çagañ kimdendigini.
Telefonyñ goýlandygyny bildirýän ses eşdildi.
Merdanyñ aýdanyna şol pursat doly düşünmesemem, wagty gelende düşünipdim. Garaýagyzja ýüzi, kiçijik burny, irimçik gözleri bilen oglum Merdana şeýle bir meñzedi welin, Merdanyñ hossarlary görse onuñ ogludygyny añjaklarynyñ ujy iki däldi. Hatda, seniñem mundan şübhelenmegiñden öler ýaly gorkýardym. Bolsa-da, beýle güman barada dil ýarañokdyñ. Ogluñ haçandyr bir wagt gapymyzda işläp giden ussa meñzemegi pikriñe-oýuña geljek zat däl bolsa gerek.
Bir gün Gadamyñ gyzgyny galdy. Saña habar etmegi oýlasamam, aýal biçäreligini edip, azar bolasym gelmedi. Habar edemde-de bu günlerde başlygyñ rugsat bermezliginden zeýrenýärdiñ. Hut şonuñ üçin körpe gyzymyzyñ Harplyk dabarasyna gidip bilmändiñ.
Öýi uly gyzymyza tabşyryp ýola çykdym. Maşynlar ikibir-ikibir geçýärler. Durmaklary üçin saññyl-saññyl edýän elimi galdyrdym. Göwnüme, geçen her minut oglumyzy menden daşlaşdyryp, ajalyñ eline golaýlaşdyrýan ýalydy. Ahyry, zybrym geçýän maşynlaryñ biri deñimde togtady. Ugrumy aýtdym. Başyny atdy. Maşyna münenimden soñam ýüregimiñ howsalasy ýatyşmady.
- Aljyraññy görünýäñiz.
Sürüjiniñ sesine ziñkildäp gidipdirin. Oglumyñ ýarawsyzlygy hakda pikir edip daşky dünýäni unudan ekenim.
- Oglum gyzdyrýar. Gatyrak gidayin gayrat edip - diýibildim zordan.
Sürüji duýgudaşlyk bildirdimi ýa şeýle görünmek isledimi bilemok gaşyny çytdy. Esli salym sesini çykarman oturdy. Birdenem dil ýardy.
- Şul obada ýaşaýañyzmy?
"Howwa" diýen manyda başymy atdym. Onuñ bilen mesawy gürrüñ edip oturjak ahwalda däldim.
- Birinji çagañmy? Ýaş görünýäñ - diýip "sizden" "sene" geçdi.
Häzir bu zatlary sorap oturmagyñ wagtymy? Onsoñam, näme gerek oña bu zatlary bilmek?
Şeýle-de bolsa, kyn pursatymda ýagşylyk eden hemaýatkäre gödeklik edesim gelmedi.
- Ýok, bäşinjim.
Sürüji ýene birnäçe sowallar berdi. Mesawy gürrüñler etdi. Bir elim bilen Gadamy gujagymda saklap oturşyma, beýleki elim bilen onuñ gyzgynyny barlaýardym. Soraglary, gürrüñleri bir gulagymdan girip, beýlekimden çykýardy.
Ahyry etrap merkezindäki keselhana ýetdik. Düşjek bolanymda sürüji bir bölek kagyzy uzatdy.
- Belgimi ýazdym. Ýene maşyn gerek bolsa... Çagaly adamsyñ. Bildirmez.
- Tañryýalkasyn - diýip, ýol hakyny uzatdym. Almakdan boýun towlady.
Gadama sanjym edileninden bir ýarym sagat çemesi wagt geçeninden soñ ýagdaýy ganymatlaşdy. Lukman gorkara zadyñ ýokdugyny aýdanyndan soñ ýene ýola çykdym. Daşarynyñ çapgyn şemalyna oglumy üşedesim gelmedi. Içiñi ýakaýyn diýen ýaly ýeke maşynam saklanaýyn diýmeýärdi. Hälki sürüji ýadyma düşdi. Belgisi ýazylan kagyz kelläme geldi. Kagyz henizem berlişi ýaly saklanyp duran eken elimde. Aljyraññy ýagdaýym sebäpli bilmändirin. Tanyş maşyn kän garaşdyrman geldi.
- Seni ýene görmek nesibede bar eken-ow - diýip ýylgyrdy.
Ýylgyrşyny halamadym. Onda-da syr bildirmedim. Oglumy üşetmänjik öýe getirsem bolýa-da. Meñ göwnümiñ halap halamany hiç-le. Pikirlerimden bihabar sürüji durmuşy hakda gürrüñ berýärdi.
- Iki sany çagam bar. Aýalymam gowy welin...
Ýüzüme "Aýtsammykam, aýtmasammykam" diýýän ýaly garady. Sözleriniñ üstüni ýetirdi.
- Ikinji çagamyz bolanyndan soñ gaty semredi. Señ ýaly gyz figurasynda galsa bolmaýamy?
Bu öte geçmek bolýardy. Iliñ gelniniñ bedeni bilen näme işi bar bu sürüjiñ? Hakyñy töleseler işiñ bilen bolubermeli bolar-da.
Ýüzüne gaharly nazarymy aýladym.
- Meñ figuram bilen nä işiñ?
Sürüji sapajak-supajak edip aljyraññy gepledi.
- Ýo, ýalñyş düşünme, men seni ýüregim bilen haladym. Isleseñ señ ugruña aýalymdan geçmäge taýýar.
Şeýle boljagyny başdan añmalydym. Akmaklyk etdim. Saçy uzynyñ akly gysga diýip ýöne ýere diýýändirler öýdýäñmi diýsene. Zeleliñ ýaryndan gaýtsañam bir peýda diýip maşyndan düşdüm. Sürüjä ýeke agyz sözem aýtmadym. Diñe zarply çykan sesim bilen "Sakla" diýdim. Başga söz aýdara ýagdaýymam ýokdy. Bokurdagym dolupdy.
Käşgä, şol günki aýgytlylygymy Merdan bilen tanyşanymda-da görkezip bilsedim. Men juda bigaýrat, Garýagdy. Merdana sataşyp ömrümiñ iñ uly ýalñyşyny goýberdim. Seniñ öñüñdäki ähti-wepamy ýuwutdym. Düşünipdim. Ýöne wagtynda düşündimmikäm? Ýa indi gija galdymmykam? Berýän soragyñ näteñet diýsene. Biwepa zenan bolup namysyñy degirdeniñden soñ düşüneniñden ne peýda?
Şondan bolsa bir aý geçendir. Bir gün Gadamy ýatyrdym edip, öýüñ arassaçylygyna gümra boldum. Pollary ýuwuşdyryp, içerini süpürdim. Ownuk-uşak goşlaryñ tozanyny alyp durkam gapy açyldy. Işikde duran kişini görüp haýýatym göçdi.
- Lälezarym! - diýip, ol meni özüne imrindiren ilkinji sözüni gaýtalady.
Henizem özümi dürsäp bilemokdym. Bu şolmudy? Ýogsa, haýsydyr bir bezzadyñ maña oýnaýan oýnumydy?
Bolşumy geñlemedik Merdan ýanyma gelip gollarymdan tutup silterledi.
- Hany özüñe gelsene. Seni şeýle bir küýsedim.
Ýuwaş-ýuwaşdan açylyşdym. Açylyşdygymça-da Merdana bolan gaharym has möwjedi.
- Näme işleýäñ bärde? Hiç kim görmäkä owarra bol.
- Oglumy göresim gelýä. Oglumy görkez.
- Ol señ ogluñ däl diýdim-ä.
Merdan haýyma-maýyma bakman otaglary ýeke-ýeke gezdi. Olaryñ birinde sallançakda ýatan Gadamy görüp ýylgyrjaklady.
- Şuña "Meñ oglum däl" diýseñ kim ynanar. Oglumyñ ýüzünden-gözünden elleri bilen sypady. Şonda ünsümi çekdi. Elleriniñ henizem şol bir gabarçaklygydy.
-Mendenem beter kakam pahyra meñzeýär.
Ol ýüzüme köpmanyly garady-da duýman durkam meni bagryna basdy. Tanyş ysy burnuma doldy. Şol wagt düşündim ony neneñ küýsändigime. Belki, söýendirin. Belkem, bu ýanýoldaşyndan üns görmedik zenanyñ gysga wagtlyk başdan geçirmesidir? Bilmedim. Oýlarymy otagyñ işiginde duran erkek kişiniñ sesi bozdy.
- Lälezar!
37
129
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.