Salam agzalar bu gun biz komeleklerin mikalogiyasyny yagny osusini nireden gelip cykysyny ovrenyas .Hemmamizin hem bilisimiz yaly cagakak asmanda mama depregini kakya ve komelek gacyrya diyyadik gelin hakykatdanam seylemika ovrenelin.
Ösümliklerden tapawutlylykda kömelegiň tohumy bolmaýar. Kömelekleriň köki, baldagy, ýapragy, güli, miwesi we tohumy bolmaýar. Şol sebäpli janly organizmiň bu görnüşi haýwanlardan we ösümliklerden tapawutly bolýar.
Kömelekleri öwrenýän ylma mikologiýa diýilýär.
Kömelekler sporalar arkaly köpelýär. Kömelegiň sporasy onuň telpejiginde bolýar. Şeýle-de bolsa kömelekleriň köp görnüşi ýeriň aşagyndan bir-birleri bilen baglanyşykly bolýar.
Tebigatda kömelekgiň 50 müňden gowrak görnüşi duş gelýär. Iýmek üçin ýaramly kömelekler irbaharda ýagşyň köp ýagýan döwründe peýda bolýar. Şeýle hem azyklyk kömelekler çygly we salkyn otaglarda ýörite ösdürilip ýetişdirilýär.
Kömelekleriň zäherli görnüşleri hem bolup, olary iýmek howpludyr. Şol sebäpli diňe iýmek üçin ýaramly bolan kömelekler iýilmeli.
Tohumly ösümlikleriň tohumlaryny iýen guşlar we beýleki janly-jandarlar olaryň has uzakda ýetişmegine sebäp bolýarlar. Kömelekleriň tohumy bolmansoň, tohumyny ýaýratmak üçin suwdan peýdalanýar. Kömelegiň sporalary ýetişenden soňra onuň düzüminden suw bölünip çykýar. Çykan suw kömelegi sowadýar. Salkyn howa ýyly howadan dykyz bolansoň, sporalary 10 sm çemesi uzaga äkidýär.
Tropik tokaýlarda kömelekler garynjalara ýapyşýar. Garynjalar bolsa kömelekleriň sporalaryny olaryň köpelmegi üçin iň amatly ýerine äkidýär.
«Pilobolus» atly kömelegiň sporasy suw damjajygynyň içinde ýetişýär. Sporalar ulalanlarynda onuň ýetişýän «düwünçegi» ýarylyp, sekuntda 25 metr tizlik bilen daş-töwerege ýaýraýar. Bu tizlik tebigatdaky ähli zadyň tizliginden ýokarydyr.
ABŞ-nyň Oregon ştatynda dag eteklerindäki bal kömelegi 3,8 kilometrlik meýdany öz içine alýar. Köp bölegi ýeriň aşagynda bir-birleri bilen birleşýän bu kömelekleriň ýaşynyň 1900 ýyldan uludygy çaklanylýar.
Ýurdumyzyň dag eteklerindäki baýyrlyklarda bitýän, ýerden çala güberilip çykýan domalanlar hem kömelegiň bir görnüşi hasaplanýar.