flowers_
21.03.2024 01:50
  Deňziň üstünde ýagyş ýagýar eken.

     «Ýeri, meniň bu ýere ýagmagymyň hajaty nämekä? Mensizem bärsiniň suwy ýetik ahyry! Men Ýaradanyň emri bilen, çöllüklere ýa-da tokaýlaryň alawlap ýanýan ýerine inderilsem, gowy bolardy-da» diýip, ýagmyr alasarmyk halda oýlanypdyr.

     Uzakda, aňyrsyna göz ýetmeýän deňziň orruk-ortasynda bolsa gämi heläkçiliginden gudrat bilen aman galan adamlar sal üstünde ysgyn-mydarsyz ýatan ekenler.

     Olar teşnelikden ýaňa guran dodaklary bilen tenekar bolup inýän ýagyş damjalaryny — gyzyldan has gymmatly bolan süýji suwy tutup, kenara çykyp, halas bolýançalar ýeter ýaly, toplamaga çalyşýar ekenler.

     Şeýle-de olar ýagmyr ýagdyryp, teşnelikden ýaňa ölüp galmakdan halas eden Biribara irginsiz alkyş aýdýar ekenler.

 

“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan






Ýagyş ýagýar...

Heňlän gursagymda dönüp ynanja.
Gol berip, geljege äkidip barýar.
Kir-kimiriň, bet niýetiň bolanja
Kökün gyryp, baryn dep edip barýar
Ýagyş ýagýar....

Tämiz ysy bilen şähdiňi açyp
Nur getirip,paýlaşdyryp illere
Ýer gök arasyna tämiz ýol açyp
Hem güýç goşup ol lal bolan dillere
Ýagyş ýagýar...

Çalarypdyr dünýä,garrapdyr dünýä
Gowy,erbet işden tutupdyr ýükün
A ol bolsa artlap üstüne münýä
Hem ýaman pälleriň ýazdyryp sepin
Ýagyş ýagýar...

Kemmagal ykballaň söýgedi bolup
Bagry dilikleriň ornap bagryna
Şahyryň kalbynda ylham deý çogup
Göwün berip ol näumyt oglana
Ýagyş ýagýar...

Eýýäm näçe asyr,niçe ýyl bäri
Ýuwup bu dünýäniň çaňdyr-tozanyn
Dertlilere melhem,näsaga däri
Bolup,soňam ýüze sylyp azabyn
Ýagyş diňýär...

39
102
myrataly_
21 Mart 2024
Adyny kop yerde estdim,yone okap gormedim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.