Kicxi_maniak
19.03.2024 21:55
"Meni bagyşlama!" (dowamy)
Ýalñyş düşünme! Başda-da aýdypdym-a maña düşünmegiñi gazanmak hemem sende özüme bolan rehimdarlyk duýgusyny oýarmak niýetim ýok. Diñe bu "iç döküşmämiziñ" soñunda özümiñ-ä ähli zady aýtmagyñ rahatlygyna eýe bolmagymy isleýärin, seniñem men hakynda seriñde ýekeje sorag alamatynyñ bolmazlygyny.
Özüme beren sözümde durmak üçin elewräp ýören günlerimiñ birinde günortan çaýdyr-naharyny öñünde goýmak üçin ussamyzyñ ýanyna bardym. Bu seniñ tabşyrygyñdy. "Çaýyny-suwuny kem etmäñ" diýip, gaýtalardyñ. Özüm ýanyna barmazlyk üçin gyzymyz Aýperini ugradardym. Ony "Ýaranok " bahanasy bilen okuwyndan alyp galardym. Arman şol günüñ irdeni mugallymy jañ edip. Aýperini mekdebe çagyrdy. Barlagçy geljekmiş.
Ussamyzyñ işläp ýören ýerine baryp hemişeki edişim deý ýüzüne garaman çaý-naharyny goýup gidiberjek boldum. Onuñ sesi säginmegime sebäp boldy.
- Bir minut aýak çek!
Ýüregimiñ ýerinden çykaýjak bolup gursagymda urunýandygyny duýdum. Elim-aýaklarym saññyldap ugrady. Adatça aljyran pursatlarymda şeýle bolardym. Merdan ýüzüme tiñkesini dikip durşuna:
- Sen - diýdi-de sözüni togtatdy.
Maña tanyş bolan bakyşyny aýlap, sözüniñ üstüni ýetirdi.
- Sen juda owadan!
Ses-selemsiz öýe girip gitdim. Ýakamy tutdum. Allajanlarym! Onuñ boluberşini. Bu hetdini tanamazlyk bolýa. Şol günüñ özünde ähli bolan zatlary saña aýtmaly diýen netijä geldim. Emma soñra bir bolmasyz işiñ bolaryndan ätiýaç edip, niýetimden dändim. Gahar bilen ussany ýenjibermegiñden, hatda janyna zeper ýetirmegiñden gorkdum. "Soñuny saýmazlygyñ zerarly iki adamyñ ömrüni zaýalaýma" diýip, käýindim özüme.
Merdanyñ sözleri welin aklymda degirmen mysaly şol aýlanyp durdy. Haçandan bäri etmeýän işimi edip, aýnanyñ öñüne geçdim. Garaýagyz ýüzümi, hortap bedenimi synladym. Hiç hili özüne çekijilik görmedim. Asylam, ejeme köplenç zeýrenerdim "Näme üçin meni gara dogurdyñ?" diýip. Kellämdäki öýmämi sypyryp, saçlarymy çöşläp, öñüme uzynlygyna goýberdim. Olar bilime ýetýärdi. Aýnanyñ garşysyndaky özüme her hili garaýyşlar oklap gördüm. Biygtyýar Merdanyñ meni hut şu görnüşde görmegini isledim. Hopukdym. Eden pikrim sebäpli özümi müýnli duýdym. Saçlarymy howul-hara ýygnap, öýmämi dañdymda işlerim bilen boldum.
Ençe ýyl bäri añmaýan hakykatymy - zenandygymy Merdanyñ sözleri ýatladypdy. Zenan bolsa özüne üns berilmegini, näziniñ çekilmegini isleýär. Şolaryñ ýok ýerinde duýgusy ölmek bilen bolýar. Seniñem maña Merdan dek ünsli garaýandygyña ynandyrmak isledim özümi. Adamsy aýalyna gapysynda işleýän haýsydyr bir ussadan has köp üns bermeli dälmidir eýsem?!
Agşamara edil günortanky edişim kimin saçlarymy çöşläp, gaşyña geçdim.
"Men owadanmy?" diýip soradym. Ýadyña düşýärmi, şondaky hereketiñ? "Nireden kelläñe gelip ýör?" diýdiñ mawy ekranda tomaşa edýän gepleşigiñden gözüñi aýyrman oturşyña. Ýagşydan-ýamandan jogap bermedim. Tä meni görýänçäñ duran ýerimde mizemän durdum. Ahyrsoñy garadyñ maña. Ilki geñirgendiñ, soñ ýañsyly ýylgyrdyñ, soñam gaşyñ çytyldy.
- Ýeldirgäp ýörsüñmi-ow sen? Çagalar görse näme diýer?! - diýdiñ.
Ruhym mähre mätäçdi. Ikimiziñ aramyzdaky lenç edilen gatnaşyklar ýetenokdy indi oña. Barlygy diñe gije ýatlanylýan zenan bolsam onda meniñ seniñ nazaryñda köçedäki ökjesi ýeñil zenanlardan hiç hili parhym ýok bolýar-da, şeýlemi? Men ol bolmak islemeýärdim. Ýekeje, bary-ýogy ýekeje ýyly söze mätäçdim. Ruhymy görmegiñi isleýärdim. Görmediñ. Oña barmysyñam diýmediñ.
Gije uklabilmedim. Içigip-içigip agladym. Agladygymça ýüregimde seniñ biparhlygyñdan dörän, üýşüp-üýşüp depe bolup giden gussamy egisdim. Aglamakdan lezzet aldym.
Soñam kän jyrjaşdym biperwaýlygyñ garşysyna. Geleriñe gabatlap, biri-birinden owadan köýneklerimi geýdim. Toýa dañynýan öýmelerimiñ köýneklerim bilen reñkdeşlerini saýlap dañyndym. Uzyn, owadan gulakhalkalar dakyndym. Olar bilenem çäklenmän täzeden täze köýnekler tikinip ugradym. "Gör, sen nähili owadan ekeniñ" diýeriñe sabyrsyz garaşdym. Seniñ welin şol biperwaýlygyñdy. Gaýta "Nä toýa gidýäsmi bu gün, maña aýdañok-la" diýdiñ her gezek.
Joram Laçyn adamsynyñ mahal-mahal işden geleninde özüni garsa gujaklaýandygyny, süýji sözler aýdýandygyny joşup gürrüñ berýär. Sen meni iñ soñky gezek haçan bagryña basdyñ? Men aýdaýyn, Aýşat dünýä ineninde. Aýşadyñ häzir näçe ýaşyndadygyny bilýärmiñ? Sekiz ýaşynda.
Iñ soñky gezek haçan ýyly söz aýdanyñ-a ýadymdanam çykypdyr.
Men seniñ üçin kimdim? Öýüñ hyzmatkäri, gyzlaryñ ejesi, "gijeki zenan". Bar bolanymy? "Söýgi, yşk" diýlen kelamlar ýokmy seniñ sözlügiñde ýa-da ikimiziñ gatnaşyklarymyzda?
Senden barha-barha daşlaşýardym. Daşlaşdygymça-da şol tanyş nazarlara golaýlaşýardym...
Bir geñ-tañsy hereket näçe köp gaýtalansa, şonça hem adatylaşýar. Merdanyñ söýgi dünýäsine çakylyk bolan garaýyşlary adaty zada öwrüldi. Indi ýere garamokdym ýanyndan geçenimde. Oña ogryn-dogryn nazarlarymy oklaýardym. Bir günem...
Ol gün hakda saña aýtmak maña ýeñil düşýändir öýdýän bolsañ ýalñyşýarsyñ. Barybir bu hakda aýtmaly. Ol ömrümiñ iñ aýgytly pursatlarynyñ biri.
Merdany hut öz dilim bilen günortanlyk naharyny iýmek üçin çagyrdym. Onuñ bilen gepleşip edinesim geldi günortanlygymy. Bar bolany. Ynan, şondan başga zady meýilleşdirmändim. Merdan çakylygyma owaldan garaşyp duran ýaly işini taşlap, hasyr-husur içeri girdi.
Ol añyrsyna il gonýança geplemedi. Doýanyndan soñ bolsa dili açylan ýaly boldy.
- Eliñ süýji eken.
Utandym. Barybir, öwgüsi hoşuma gelipdi. Ýylgyranymy duýman galdym. Söhbetiniñ ýaraýandygyny syzyp, ykbaly hakda gürrüñ bermäge durdy. Çak edişim ýaly kyrk bir ýaşynda eken. Bir gezek öýlenip, aýrylyşypdyr. Aýaly ejesi bilen oñuşmanmyş.
- Men göwnüme göwündeş zenany tapmadym - diýdi.
Muny aýdanyndaky garaýyşy öñki garaýyşlaryndan juda parhlydy. Mähirden pürepür.
Ýene ýylgyrdym. Birdenkä-de bolup oturşymdan müýnürgedim. Kimdir biriniñ ikimizi bu ýagdaýda görmeginden howatyrlanyp, derrew töwir edip, saçagy ýygnamak bilen boldum. Merdanyñ öñündäki boşan tabaga elimi ýetirdim. Goşarymdan tutdy. Eliniñ yssysyna ýüregim jigledi. Doñup galdym. Elimi silkmelidim belki. Başarmadym. Soñuny azda-kände çaklaýan bolmagyñ mümkin. Iñ ajaýyp söýgi sözlerini gulagyma pyşyrdady. Bedenimiñ her nokadyny göýä diýersiñ çala gödek hereketinde döwüljek aýna heýkel deý emaý bilen sypap-sermedi. Özümi dünýäniñ iñ özüne çekiji, iñ elýetmez zenany ýaly duýdum. Dogrusyny aýtmak gerek bolsa, soñ-soñlaram bu ahwal şeýleligine galdy. Ol muny nädip başarýardy? Bir zenana ýanýoldaşynyñ başdan geçirdip bilmedik duýgularyny başdan geçirtmek üçin aşa yhlas edýärmidi? Ýa bu artykmaç üns talap etmezden öz-özünden bolup geçýän hadysamydy?
Şol gün ömrümde ilkinji gezek saña ikilik etdim. Müýnümi bildim emma birjigem ökünmedim. Söýülýän zenan bolmagyñ neneñsi ajaýypdygyny duýdum çünki. Bu edil paraşýutly bökmek ýalydy. Howply ýöne gyzykly.
Merdan ýanymdan gidip, öz işi bilen başagaý bolup başlanyndan soñ duýgularym hökmürowanlygyny aklyñ eline berdi. Men indi wepasyz, pes derejeli zenandym. Muny hiç kim bilmese-de, özümiñ bilmegim ýetikdi kiçelendigimi añmaga. Öz nazaryñda kiçeleniñden soñ tutuş dünýä seni beýik saýsa-da gymmaty bir köpük. Bolup biljek iñ ýaman zat bolupdy. Özüme hormatymy ýitiripdim.
Ýuwaş-ýuwaşdan aklyma aýlandym. Bir gezek boldy. Ýöne indi gaýtalanmaz. Indi gaýtalanmajagy üçinem saña aýdyp oturasy iş ýok. Hemmesini unutmaly, hiç zat bolmadyk ýaly bolubermeli diýen netijä geldim. Bar ünsümi çagalaryma, saña gönükdirdim. Seniñ şol biparhlygyñdy. Gündizleri jañ edip, süýji-süýji gepleşjek bolsam, "Beýtme-how, iş wagty zerur mesele bolmasa. Başlygym käýeýär görse"diýip al-petimden aldyñ. Men öler ýaly söýülmek isleýärdim. Mundan beter nähili zerurlyk bolup biler?!

dovamy bar
31
124
ayymsha
19 Mart 2024
Dowamyny haçan goyyanyz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.