beghanym
19.03.2024 08:54
Salam hemmäňize gadyrdanlar !
Her bir ynsanyň tutan Orazalary kabul bolsun!
Okan dogalarňyz päk ýürek bilen eden dileglerňiz kabul bolsun !

Bu gün men çagalaryň geljegi hakda post açmagy ýüregime düwdüm sebäbi men häzir maýyp çagalaryň ýanynda , bularyň ýüregi arassa päk özlerem şadyýan şeýle bir bagtly duýýarlar. Bularyň saglygy üçin beýik Alla şypa bersin şeýlede Arkadagymyz we şu ugrdan jan çekýän lukmanlaryň jany sag bolsun.
Aslynda bu çagalar näme sebäpden şeýle bolýar ?
Bu çagalaryň her biriniň öz derdiniň gelip çykyşy bar.
Meselem men öz başymdan geçirdim oglumyň dsp bolmagynyň sebäbi bäbejik wagty gowy gül ýaly dünýä inen bolsada 2 aý bolan wagty barlagdan geçmän sanjym alanlygym sebapli ýüregi deşik wagty sanjym alyp sagat çaga dsp boldy . Bu oba şaher maşgala lukmanlarnyň ýalňyşlygy bilen barlagdan geçirman çaga sanjym urmak çaganyň geljegi üçin uly howp abanyp bilýär .Liçenýasyny wagtynda alsaň ýene ýagşy ýöne geleňsizlik bilen seredilmese sol çaga maýyp hereketsiz bolup galýa .
Mähriban agzalar size menden maslahat çaga dünýä inen wagty 2 aý dolanda hökman kellesini we iç goşyny uzi ýürejigini eho etdirip sagatlygyny bilip sanjym alyň. Näsaglygy bar bolsa sanjym almaň oňa rugsat berýarler haçanda çaga sagat bolanda sanjym alyň.

Dowamy bar .......
36
172
gulia_maksatmyradowna
9 Aprel 2024
🙆‍♀️ salam!
alma___
19 Mart 2024
@beghanym, dert beren Alla dermanynam bersin gysynmañ gowy bolar çagañyz
tolkunovna_01
19 Mart 2024
Alla şyma bersin ,sabyrly boluñ ýùregiñiz giñ bolsun .Derdini beren Alla šypasynyda berer inshallah .Àmin🧕🤲
alma___
19 Mart 2024
Ģaga aglasa dynçlandyryjy ukol urýalar boldy
alma___
19 Mart 2024
Kop doktorlar gaty biperwaý garaýarlar çaga çag
flowers_
19 Mart 2024
@beghanym, şoda, okuwy pula gutarýalarda zat bilenoklar, jany teni bilen işläp ýòren az-az, ene- atanyñ hem okuwly, düşünjeli bolmalydygynyñ möhüm ýeri şu, oba ýeri köp ugurdan pesiräk geläýýä, deñleşerdä barýaka, hazir bir zat diýsegem syýasata geçip gideris gowsy şu ýerde nokatlamak meniñkä.
flowers_
19 Mart 2024
@beghanym, menem köp gabat geldim şeýle bolona, gyzdyrýan bolsada urmak bolonak, şeýdibem aslynda peýdaly bolan sanjymlary almana gorkup duran etdiler adamlary.
medik_
19 Mart 2024
@flowers_, menem sana gosulyan😁
flowers_
19 Mart 2024
Hemme ýerde-de özüñ berkiräk duraýmasañ şeýledä, boljak zada çäre ýok, derdini beren dermanynam tapdyryp durawersin, emgek bolup geçip sag-amanja ulaldyp ýetişdirmäne güýç kuwwat bersin, azabyñ gowuşsyn. 12 süññi abatja edip dünýä getiren çagañ, gowy günlerine şaýat etsindä😔
medik_
19 Mart 2024
Koplenc ene suydinden ir ayrylyan cagalaram bolya her hili malys berilyar.suda yalnys haysysy yarajagyni ilki barlag edip onsan bersen gowsy.kici entek yani 3 aylyk cagalara sygyr suyt berip renemasiyadan cykyan cagalaram az dal😔gynansakda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.