Yşk... Sapasyny sürendedäl,
Jepasyny çekende yşkdyr.
Baglarda gül tirendedäl,
Wepaly bolanda yşkdyr.
Suw serpilip sönendedäl,
Ot bolup ýananda yşkdyr.
Saýawanlara gaçandadäl,
Küýsege ezilende yşkdyr.
Dessan-gazaly ýazandadäl,
Kalbyña çuñ gazanda yşkdyr.
Söwer ýar gujagyndadäl,
Ýüreginde bolmak yşkdyr.
Ýar ugrunda ölendedäl,
Bagt üçin ýaşamak yşkdyr.
Oñ barlygyna guwanmakdäl,
Ýoklygyna döz gelmek yşkdyr.
Yşkyñ beýan edip bilmän,
Ýeri Gökden asmak yşkdyr.
Ykbal ýoly aýrylsa-da,
Tä ölýänçäñ söýmek yşkdyr.
Bal garylan zäher bolsa,
Bir ýuwdymda içmek yşkdyr.
Yşk.. Şeýlebir täsin duýgy,
Taryplap bilmeseñ yşkdyr.
Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.