Çagyryldym bardym seniň toýuňa
Men barmasam bu gelşiksiz boljakdy
Gutlamaly boldum deň- duşlam bilen
Ýöne diýiljek söz bagrym diljekdi
Bokurdakda bir uly daş doňup dur
Bir söz diýsem eräp ýaş bolup damar
Emma gutlamaly syrym bildirmän
Gözlerimden aňar joralaň seniň
Ah senem otyrsyň maňa seredip
Ýekeje söz diýsem gapyp alarsyň
Onsaň sen ýüzime ýyldyz göz däl-de
Ýyldyrym göz bilen talaň salarsyň
Ýylgyrdym geçmişi unudyp biraz
Hem özim ýitirip tolgundym aş-a
Gara gözleriňe göni seredip
Diýdim:"ýigidiň bilen bagtly ýaşa"
Dört sözde gutlagyň baryn jemledim
Bu sözim goldady töwerek daşym
Ýok men aglamadym söýgimiz ýatlap
Ýöne seň göziňde görindi ýaşyň
Kemal Gurbansähedow