ÝÜZI ÝOK GORKUNÇ ZENAN
Öten agşam şeýle bir waka bolup geçdi. Men ony size gürrüň bereýin...
Şäheriň gyrak-bujagyndaky daglyk ýere gezelenç etmek üçin elime kamera alyp ýola çykdym. Howa gezelenç etmek üçin örän açykdy.
Hawa, barşyma baýyrlyga münüp bir-iki depeden geçsem ine üstüňe abanyp duran dag.
Dagyň deperäk ýerinde bir gowak bar. Kynlyk bilen diýen ýaly üstüne çykdym. Köp horluk görüp ine sag aman gowaga bardym-da içine girdim... Şonda, içinde näme bardyr öýdýäňiz? Edil döwrebap otaglara meňzeş otaglar bar. Içirägine ýöräberdim welin gowagyň diwarynda ýanyp duran oda gabat geldim...
Kamerany işledip bu ody elime aldym...
Içine ýöräberdigimçe aýaklaryma adam süňkli kelleçanaklar, skeletler degdi.
Men gorkýardym.
Bir hili gara gorky ysgyndan gaçyrýardy.
Mundan artyk ýöräp biljek däldim...
Ýöne şu nälet siňen bilesigelijiligim meni günüme goýmaýardy. Şu pikirlerim meň gorkularymdan rüstem geldi. Içki otaglara bardym. Birinji gapyny aýdym onda adamyň we haýwanlaryň dolup ýatan süňklerini gördüm. Ikinji gapyny açamda burnuma maslyk ysy urdy. Içinde kakap barýan maslyklar bardy. Kamerany içine gezdirip üçünji gapa tarap ýöneldim. Üçünji gapy boşluk tuneldi. Dördünji gapy-da banka meňzeş gutyda kampot edilip goýlan ynsan kelleleri bardy. Ýüregim bulanýardy.
Bäşinji gapa ýöneldim welin bir hili aýak seslerini eşitdim. Baryp ýuwaşlyk bilen gapyny açdym. Şol pursat onuň içinden ýüzi oýulan zenan pisint, elhenç ýaradylan bir zada gabat geldim. Onuň organlaryndan, zenandygyny tanasa bolýardy. Men gapyny ýapyp howsalaly gaçdym. Ol meniň yzymdan kowalady. Aýaklarym adam süňklerine çolaşyp ýykyldym... Elime ilen zat uzyn gylyç boldy. Ýaňky elhenç ýaradylan mutandyň kellesine gylyjy aýladym welin bokurdagy kesildi. Ol bokurdagyny tutup haýkyryp, çabalandy-da jan berdi. Onuň dyrnaklarynyň uçludygy diýip-aýdar ýaly däldi...
Ol bu ýere gelen janly-jemendäni şol dyrnaklary bilen awlap öldürýär eken...
Daşary çykdym...
Gün dogupdyr...
Gözümi açsam men eýýäm öýde...
© Jeksparro