ezizhan_hallyyew
16.03.2024 20:44
SORAÝAR SENI



Depeläp gitseňem ejiz ýüregim
Dözenok ýene-de soraýar seni
Titredip içimde ýat duýgulary
Gozgasaňam ýene soraýar seni


Tike-tike bolan sowuk bedenim
Janym çykmaz ýaly goraýar meni
Kalbymyň ölmegine sebäp bolsaňam
Jansyz kalbym soňsuz soraýar seni


Duýýan görmesemem seni her wagt
Özge eller daşyň saraýar seni
Geçmişe seýil etdim aýlandym biraz
Şonda juwan ýaşym soraýar seni


Hajymyrat Goşaýew
28
82
hajymyratt
16 Mart 2024
Minnetdar
medik_
16 Mart 2024
@ezizhan_hallyyew, men na bilayin yene owrenmeliden birni yitirersin oydup gorkup gitdim😁
medik_
16 Mart 2024
Sen kimden nalayan indi🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.