hasap
15.03.2024 20:04
Oýan diýdiler
Ýatyp ,erdim , gamda geldi erenler
,,Turgul ,ha ýeriňden ,oýan" diýdiler
Gözüm ,açyp gördüm ,jümle jahany
,,Şol durany ,şahymerdan " diýdiler

Erenler jem bolup bazar ediler
Mynafyklar turup ,hezer ediler
Alybabam bize ,nazar ediler
Bir käse meý , berip ,,iç gan "diýdiler

Oýanyp gaflatdan ,açdym gözümi
Erenler paýyna sürtdüm ,ýüzümi
Okatdylar hak sözledim ,sözümni
,,Segsen müň kelamy beýan "diýdiler

Erenler jem bolup mundan ,göçdüler
Syrat köprüsinden bir bir geçdiler
Ol howzy -Köwserden ,şerap içdiler
Içen şahbazlarny ,,Soltan "diýdiler

Magtymguly sözle ,bu şirin tilde
Umydym ,köp durar şol duran ýolda
Bäş wagt namazyň oky her günde
,, Ahyret ýoldaşyň -iman "diýdiler


Awtor Magtymguly Pyragy
25
23
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.