Bugün hem aklymda ýene sen bar,
Ýene hyýalym yşkyñda hassa.
Neýlesem sensiz dünýe-älem dar,
Bir umyt bar, bu tükenmez ýasda.
Bir ýaram bar, oña çalman melhemi,
Bir hyýalym seni maña ýetirer.
Aýyrsa-da bizi ykbal ýelkeni,
Geçýän wagt meni saña ýetirer.
Gözleýän.. Nirede, geçen günlermiz?
Olar indi ýene gaýdyp gelmezmi?
Öwüsýän şemal, möwç urýan deñiz,
Arzym saña tiz ýetirip bilmezmi?
Seni ýatladýar, saýranda guşlar,
Küýsegim artýar, ýaganda ýagyş.
Hasrat zyndanynda egilse başlar,
Men saña ederdim ömrümi bagyş.
Diñledim şemaly oturyp sessiz,
Okaýan ýaly bir gamly eseri.
Ykbalyñ azaby gutarmaz hergiz,
Umydyñ parçalar kesgir keseri.
Göýä indi jan tabşyran öli men,
Ne gelen bar. Ne giden bar, ne söýen.
Azap ýaýlasynyñ gamly çöli men,
Ataşy sähräda yşk oda köýen.
Bir hyýal älemin aýlandym uzak,
Senli yklymlara ýöredim, gitdim.
Arman, aramyz şeýle bir uzak,
Belki men seniñ bilen öldüm, ýitdim.
Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.