1.Diñe şu güniñi manyly ötürmegiñ aladasyny etmeseñ(şu güniñ bilen ýaşamasañ) zehiniñ dagynyk, işleriñ bulaşyk,gaýgy-gamyñ artyk bolar."Sag-aman ertire çykan bolsañ,agşamy alada etme.Sag-aman agşaman ýeten bolsañ,ertiriñ gamyny iýme"diýilýån sözleriñ manysy hem şeýledir.
2.Bolup geçen ýakymsyz zatlary=geçmişi durky=düýrmegi bilen unyt.Geçen güne,öten ýagdaýlara aýratyn ähmiýet bermek akmaklyk we dålilik hasap edilýär.
3.Geljegiñ gaýgysyny etme. Ol heniz barlyk åleminde däl-de, gaýyp-ýokluk älemindäki zat.Gelýänçä,onuñ pikrini edip,ünjä batyp otyrma.
4.Gybatyñ, tankytlaryñ öñünde yranyp,çaýkanyp (sarsyp)durma, berk dur. Gybatyñ (tankydyñ) derejesi seniñ gymmatyña görädir.
5.Biribara bolan iman we salyh amallar abadan we bagtyýar durmuşyñ baş sebäpleridir.
6. Ynjalyk, rahatlyk we asudalyk isleýärmiñ, diñe gowy zatlaryñ pikirini et, Biribaryñ zikrini köpelt.
7. Tañry bendesi ähli zadyñ ýazgyda-takdyra görä hasyl bolýandygyny unytmaly däldir.
8. Diñe ýagşylyk et,ýöne hiç kimden tañryýalkasyna garaşma.
9. Öziñi käte oñaýsyz ýagdaýlaryñ içinde hem göz öñine getirip gör, soñ ýeñip geçmek ýeñil düşer.
10. Belki, bu bolýan zatlaryñ ählisi seniñ üçin diñe bähbitlidir.