Bio_girl👩‍🔬💫
15.03.2024 09:31
Bag:t diýilip şuña aýdylsa gerek🤵‍♂️👰


Hanha görýäs iki goşa juwany
Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.
Bileleşýär bu gün durmuşyñ ýoly,
Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.

Bagta öwürýärler bu gün söýgini,
Arşa göterýärler bu gün söýgini,
Başdan geçirýärler ajap duýgyny,
Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.

Saçagñyzda boş durmasyn tabaklar, Sallançakda iññildeşsin bäbekler,
Şatlyk göz ýaşyna ezlip gabaklar,
Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.

Kyn günde ýoldaşyñ bolup süýregi, Öñküden-de söýüñ birek biregi,
Söýgüdir ynanyñ ömrüñ diregi,
Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.

Sözüñ çyksyn gelin, ýumşak mylaýym, Ýigdiñ ajyganda çaý dursun taýyn, Buýsansyn ýoldaşyñ, buýsansyn gaýyn,
Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.

Dostum gelniñ bolsun diñe geregiñ,
Oña nep ýetende syzlap ýüregiñ,
Şükür edip iýseñ gaty çöregem,
Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek


✍️KerimHallyýew
31
86
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.