Döke başlady
Gömüldi ,derýalar ýykyldy daglar
Ýetimlar ,göz ýaşyn ,döke başlady
Orramsydan , bolan haramhor begler
Ýurdy ,bir ýanyndan ,ýyka başlandy
Jemagatsyz ,azan bir gury sesdir
Niçe , mollaň okan ,ylmy hebesdir
Kagyzlaryň,käri çaý bilen ,nasdyr
Bir ,bozuk nyşana tuta başlady
Işanlary ,her gapyda tapdyrar
Mollalarna ,ýok myjabar ýapylar
,,Öwülýä men "diýip jöhi sopular
Gygyryp ,asmana ,böke başlady
Çykar ,beýabana gyzy,gelini
Ak ,ýüzüne ýapar ,gyzyl telini
Kemçilik ,eýeläp ,ýygnan puluny
Düzedip ,özüne dakabaşlady
Dünýäde ,süýthoryň pul ýygma derdi
Baýlaryň ,mallary bizekad berdi
Towa ,ediň gözüm ,bir ýaman gördi
Dost , dostuň köňlini ýyka başlandy
Magtymguly , başa baglap selleler
Aç böri deý ýortup niçe mollalar
Halaldan ,haramdan ýygnan gallalar
Her ,ne tapsa ,dynmaý dyka başlady
Awtor Magtymguly Pyragy