Nostalgiýa..
Peşanaň içini gyzdyranda Gün,
Ejem sygyr sagyp geler ýadaman.
Sygyr kowmak üçin oýarar meni
Wah, aslynda dözenok ol, nätjek-dä,
Ejem ýaly dözümsiz däl padyman.
Jontuk şahly sygrymyza, pada çen
Äňetmeseň, ekinlige sowlagan.
Gelemsoň içmeli süýt paýym welin,
Käte nesip eder ýetim owlaga.
Owlakdan süýt artsa, süýtli çaý içip,
Otag otamaga girer uýalam.
Hasyrdyklap ýören ejem jan maňa
Süýtli çaýyň ýetmedigni duýaram
welin,
täze bagyr ýaly gatygy
Ýanlyga gotaryp, pişege boýun
eder. El ýalyjak çörege çalyp,
Menem mesgesini iýerin doýup.
Enesinden jyda düşen owlajyk
Assa-ýuwaş süýtli çüýşä höwrüger.
Soňam, içiň gyssa aryň ketegin
Gorjap, gaçyp, öwreniler ýüwrübem.
Guýup içseň, käýejegem ýok ýogsa,
Bogdagyn açmaga tutar-da ýaltaň.
Turşy suwuň lezzetinden dadarsyň
«Dam-damyndan» sorup çekize haltaň.
Taýýar bolan çekizeden togalap,
Ýasalan gurtlaram serler üçege.
Doly guraýança — eden sabyryň —
Guşlar iýip gitse — çykýar püçege.
Sagyllyk sygyrlar iňrik garalyp,
Hellewleşip gaýdanynda padadan.
Gölejikler garnyn doýrup ynjalar –
Molap-molap bokurdagyn ýadadan.
Gün batyban garalanda kesekler,
Ejem ýene dolduryp ger taňňyryn.
Dil düwşen dek ýüki ýeňil eşekler
Estafeta oýnap başlar aňňyryp.
Gijelerne gorky-ürkini bilmän,
Saýlanyp meýdanlaň düzlenmejegi.
Bukalga tapynsak özümiz gizläp,
Jemlenşip oýnardyk gizlenpeçegi.
Iýip görerdik kä süýdüň owuzyn,
Goňşulaň biriniň guzlasa sygry.
…Ynha, bulam bir obasy Oguzyň,
Menem şol obanyň sadaja ogly.
Awtor :Baky Amanýazow...