Bio_girl👩‍🔬💫
14.03.2024 10:20
Hyrydaryň köp bolar...

Ýeñleslikden gaçyp, agras gylyga,
Ýer berdigiñ, hyrydaryñ köp bolar.
Eneñ öwdün alsañ, gaplap gulaga,
Söz berdigim, hyrydaryñ köp bolar.

Daşky gözelligñe ber sen ygtybar,
Ol seniñ ömrüñi anyk ýagtylar.
“Şol gözeliñ içinde-de ýagty bar”
Diýdirdigiñ hyrydaryñ köp bolar.

Näzi kemräk etmek, söýgiñ lukmany,
Ýigdiñ gahryn getiýr, gyzyñ ketjaly...
Söýenñe sogan däl, belki şetdaly,
Iýdirdigiñ hyrydaryñ köp bolar.

Yzyñdan sygyran juda kän bolar,
Olañ ýarsy batyr, ýary san bolar.
Ynsanda bir söýgi birem jan bolar, Duýdurdygyñ hyrydaryñ köp bolar.

Sygyrany dälde sylany saýla,
Saýlanyñ yşgynda çoýun, ýan, gaýna, Kastýum balak dälde, gyzyl don toýna, Geýdirdigiñ hyrydaryñ köp bolar

Täze gelin diýip törde oturma,
Ýigdiñi-de oýar onam ýatyrma!
“Guşluk bişirjek” diýp süýji batyrma, Soýdurdygyñ hyrydaryñ köp bolar

Hyrydaryñ köp bolanna gomalma,
Aýlap zyñar ykbal alyp emelne,
Saçakda duz bolsun, asla kemelme,
Doýdurdygyñ hyrydaryñ köp bolar..


✍️KermiHallyyew
38
98
Tayler
14 Mart 2024
Sps👍
foks
14 Mart 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.