manolya
13.03.2024 22:44
60 ýaşyn gutlap suratyn goýdy,
Ogly-ejesiniň instagramda.
Ýône bagra basyp, özün gutlamak,
Gynansak-da ,ýokdy ,ünsde gram-da.

Ýigdiň az bolmady ""podpisçikleri""
Gutlap ,teswir ýazyp,""layklaşdylar""
Öňki edenlerini boş goýmadylar,
""Layk "" bergisi bilen laýyklaşdylar.

Ýazlan gutlaglardan habaram ýokdy,
Ene pahyr bu zatlardan üzňedi,
Umyt edip ,jaň ederne oglunyň.
Ýônekeý telfondan gözün üzmedi,

Ogly gutlaglary okaýan çagy,
Gutlaga garaşdy mährem ene-de,
Şeýdip köpelişdi saçlarynyň agy...
Ýürekde bir ýygyrt atdy ýene-de...

B.Amanýazow..
33
128
sabyrly
14 Mart 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.