hasap
13.03.2024 21:50

Dehistanyň baýrynda ,

Bady sabany görsem,

Bahaweddin Mir kulal

Zeňňi babany görsem,


Nagleni ,arşa täçdir

ady äleme ,paçdyr

Iki jahan mätäçdir

Arap zybany, görsem


Gelen geçer çaşt edip

Eglenmez güzeşt edip

Köňül aýdar ,keşt edip

Älem jahany ,görsem


Hyzyr kimin çöllerde,

Ylýas kimin ,köllerde

Kowus ,kimin daglarda

Ýagşy ýamany ,görsem


Ýokarda , Hindistany

Arkada ,Türküstany

Öwülýäler ummany

Ol rumustany görsem


Jan ,Pany jahan şeýda

munda ,hiç ýokdyr peýda

Ýedi dag ,ýedi derýa

Däli dünýäni ,görsem


Magtymguly, hoş bolsa

akdy didäm ,ýaş bolsa

Imanym ,ýoldaş bolsa

Barsam , käbäni görsem


Awtor Magtymguly Pyragy

34
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.