lavinya_
13.03.2024 16:17
Şu gün meniñ günüm, üýtgeşik bar zat,
Meýdan al-ýaşyl, guşlar saýraýar,
Uzagyndan bolsun ähli zat gowy,
Durmuş eşret bilen başym aýlaýar.

Arassa howadan dem alýan erkin,
Güneşem ýakanok yssysy bilen,
Bu gün bir ýerlerde bukulan ýaly,
Şumroý kinelerim gussasy bilen.

Bu gün hiçkim göwnüme-de degenok,
Şeýle bir mähirli, mylaýym herkim,
Dünýäñ düzelenin buşlasym gelýär,
Bogazymy gyryp, gygyryp çirkin.

Nirä baksam nurly ýüzi görýän men,
Ýylgyryş, gözellik hökmüni sürýär,
Hoşamaýlyk bilen kalbymy gozgap,
Ýakymly duýgylar gujagny gerýär.

Şu gün meniñ günüm, üýtgeşik bar zat,
Seýle bolaýanok bagtyñ şowmasa,
Gün uzak düýşürgäp ýatjak ekenim,
Jañ sagady oýarmadyk bolmasa...

Awtor: Baýram BEJIDOW"
25
53
gulia_maksatmyradowna
13 Mart 2024
Büyüğüm 🖐️🙃 rica etsem bana yine kitap gönderirimisin ?
ATOMIC
13 Mart 2024
@flowers_, näme zat 🤔
flowers_
13 Mart 2024
Ahyry boldy diýip begendim welin, soñynda oýandy))🥲
💫Umudum
13 Mart 2024
Edil seyle oy menin arzuvym 😇💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.