Günleriñ birinde meşgur suratkeş Pikasso köçeden ýöräp barýan ekeni.Pikassonyñ sungatyna aşyk zenanlaryñ biri muny göripdirde,suratkeşiñ ýanyna ylgap baryp ,mähir bilen salamlaşypdyr.Ýantorbasyndan bir ak kagyzy çykaryp: "Jenabym ,men siziñ çeken suratlaryñyzyñ jandan-tenden muşdagy.Öz täsin hünäriñizden şu ak kagyza bir surat çekip, meni begendirip bilermisiñiz?"diýipdir.
Pikasso muña ýylgyrypdyr.Ak kagyzy alypdyr we onuñ ýüzine surat çekip başlapdyr.Tamamladyp edip,ýañky suratly kagyzy eýesine uzadypdyr:"Hanym,bu suraty aýawly sakla, wagty gelende sen ony million dollara satyp bilersiñ!" diýipdir.
Muşdak zenan muña geñ galyp:"Pikasso halypa ,siz bu kiçijik surat üçin bary-ýogy otuz sekunt sarp erdiñiz .Onuñ million gymmaty bolup bilermi?"diýipdir.
Pikasso ýylgyrypdyr we oña garap:"Hanym ,otuz sekuntda sowgatlyk (ýadygärlik) surat çekmek üçin,men ömrùmiñ otuz ýylyny sarp erdim"diýipdir.
Ýokardaky söhbetdeşlikde meşhur suratkeş bize juda ähmiýetli bir maglumaty -ömrüñ wajyp wezipesini ýetirýär:täsinligi,täsin bir zady döretmegiñ köp wagt almazlygy mümkin,ýöne şol derejä barýançañ mazaly taýýarlanmagyñ, taplamagyñ gerek.
Birbada göwnünimize ýaramaýan hem bolsa ,alnymyzdan çykýan her bir zat biziñ haýrymyza.Kynçylyk ,görgi-kösençlik zemine aýagyñ galtaşan pursadyndan başlanýar.