beghanym
13.03.2024 08:40
Ýüregiňi bermek

Eflatuna: — Sen hiç haçan gamgyn görneňok. Muny nädip başarýaň? – diýýärler. Ol:

— Men elimden giden wagty halym harap boljak zatlara ýüregimi beremok – diýip jogap berýär. Adamlar oňa:

— Bu sözüňi bize düşündir – diýenlerinde, akyldar olara şu wakany gürrüň berýär:

— Bir gün Rim hökümdaryna ýakutdan edilen jam getirdiler. Onuň bahasy tas bir hazyna barabardy. Hökümdar ýanyndaky akyldarlara ýüzlenip: «Siz, heý, şular ýaly zady görüpmidiňiz?» diýdi. Olar: «Bular ýaly jam hiç bir patyşada ýokdur. Emma şu jam zerarly patyşamyza ýa garyplyk ýa-da erbet ýürek agyry ýeter» diýdiler. Patyşa: «O nähili?» diýdi. Olar: «Eger bu jam seniň eliňden gidäýse, seniň ummasyz baýlykdan mahrum bolarsyň, ony ýitireniň sebäpli-de ýüregiň  agyrar» diýdiler.

Bir gün patyşa ýurdunyň adalarynyň birinde uly meýlis guramak isleýär we şol meýlise ýaňky jamyň hem getirilmegini buýurýar. Emeldarlar ýaňky gymmatbaha jamy we meýlis üçin gerek-ýarak esbaplary gämä ýükläp, ada tarap ýüzüp gelýärkäler, birden güýçli tolkun turup, gämini agdarýar. Ne mejlis galýar, ne çörek, ne-de şerap. Bu habar patyşa gelip ýetende ol gaty gynanýar. Şol jamy hernäçe gözletse-de tapyp bilmeýär. Şol wagt pelsepeçi akyldar oňa: «Gördüňmi, sen eliňden giden ýagdaýyňda garyp goýjak, ýüregiňi agyrtjak zada ýüregiňi berdiň. Her kim köňlüne gaýgy-gam aralaşmaz ýaly, elinden giderende gamlanjak, alada goýjak zadyna höwes etmeli däldir» diýýär.


Siz nähili pikir edýärsiňiz ?
Pikirlerňizi beýan etmegiňize garaşýaryn.
28
210
1307
16 Mart 2024
Hakyky yuregi hickime bermelidal
ideallider
14 Mart 2024
Iphone 15 plus ýaly. Eliňden gaçyp ýüzi açylman döwülse😄👍
sofii
14 Mart 2024
@beghanym, näme üçin🙁 Gyzykly konkurslar geçirýärdiñiz weli...
sofii
14 Mart 2024
@beghanym, salam!
Tayler
14 Mart 2024
Sag boluň!@beghanym,
möjek_daýy🐺
13 Mart 2024
@medik_, yokla nm ucin gaty goreyin gelneje
medik_
13 Mart 2024
@oktyabr_03, gaty gorme men masgalaly peydali isem bolsa beghanymam bilyandir kan alys calys edemok
möjek_daýy🐺
13 Mart 2024
@medik_, yazyp dynyp gelyanlay gelneje inni gozlemek hokman dallay
medik_
13 Mart 2024
@oktyabr_03, ba sol googlda gowja etde gor.dannydan al bolmasa
möjek_daýy🐺
13 Mart 2024
@medik_, Pirim yazyp beray diydi birine gerekdirda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.