hasap
12.03.2024 20:37
Nika
Asman, ýaly agrasyň sen
Çemen ýaly arassadyň
Mukaddesdiň beýiksiň ,sen
Çaga ýaly ,neressediň
Kanun,ýaly möhümsiň sen
Suw , howa deý gereklisiň

Hallalyga ,ýolduň baky
Bagt ,nygmatly tarapyňdy
Ýeke ,sözlik wepalylyk
Üzülmejek ,tanapyňdy

Bu gün bolsa ,ownadyň sen
Üzüldimi tanaplaryň
Agyr , düşüp ugradyla
Adamzatdan talaplaryň

Ynha,indi bakylyk däl
Bezeg ,bolduň toý gününde
Ondan ,soňra Mähriň undup
Goýberýärler köp gümüňe

Öň , ýekediň ömürlikdiň
Bu gün arzanlady nyrhyň
Hat-da käbir ýaş juwanlar
Duýulanok , bar ýok , parhyň

Ejizleme türkmen üçin
Möhümleriň ,möhümisiň
Bagta gadam basanlaryň
Bakylygy möhürisiň

Şöhrat-şanyň gaýdyp alyp
Ojaklara, ber mähriňi
Ynsanlaryň ýadyna sal
Hudaýa ,beren ähdini


Awtor Kerim hallyýew
40
45
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.