ÜMÜR ESEN
“HAZYNA”
SOGANYŇ IÇ-Ä IÇ, DAŞAM DAŞ
Ine düňderilip barýan tereň (nowhana*).
Agtyklaryny eýerdip, onuň gyrasyna gelen garry enäniň birden aýagy taýaýmazmy. Gör, ahyryn! Çasly suw görgüliniň enter-pelegini öwrüşine, asyl aňyny-maňynam berenok. Edil elesledip barýar. Elini näçe talawlatsa-da, köke-beýlekä ýapyşara pursat dagy beräýsin-dä. Eger-eger. Şol tomarlandyryp, elem-tas edip barşy.
Garrynyň gyzyndan bolan agtygy bu ahwalaty görýär-de:
– Waý, mamam! Waý, mamam jan! Waý! Akdy-da! Ana! Gitdi-leý! Waý-waý-eý-ý! – diýip, ulili bilen gygyryşyna, bogazyna bat berip ugraýar.
Oňa derek oglundan bolan agtygy welin, sesini-üýnünem çykaranok. Özüni suwa urşuna,( tasylyny)* tapagetdin, enesini bir gyra süýräp çykarýar.
Esli salymdan soň özüne gelip, gözüni açan pahyr seretse, endam-janyndan suw joralanyp duran agtyg-a üstünde kökenek. Beýlekisem eýleräginde mölterilip dur. Şonda garry ene başyny ýaýkaýşyna:
– Wah-eý! Soganyň içi iç, daşaam daş bolýa-da – diýip dillenipdir.
Ýokardaky kyssanyň içinde ýaý alnan söz bar kim şony bilýär ?
Size bu kyssa göwnüňize ýaradymy yzynyň bolmagyny isleýäňizmi ?