manolya
12.03.2024 13:56
Gyz durmuş çykmanka ,Türkmençilkide
Enesi soralar gyzyndan beter,
Gôzelligem gerek welin ýigitler,
Näzine serediň özünden beter,

Akylly gyz, aňsat göze görünmez,
Gije köp çykýana gowy görinmez,
Müň gara degse-de, oglan garalmaz,
Ýöne gyz garalar gazandan beter,

Gözelligem berilmeýär her kime,
Beýdiýsem guwanma soljak görküňe,
Erk edip bilmeseň eger erkiňe,
Adyňa şek ýeter azandan beter,

Gelin bar,gyş güni getirer ýazyň,
Gelin bar,öý ýykar tapylmaz yzyň,
Her gelinem ýasar tamdyryň közün,
Duzuna serediň,közünden beter,

Ýigitler siz üçin soňky aýtjagym,
Hijem saýlamaň gyzyň ynjygyn,
Eger-de, çyn bolsa gelin aljagyň,
Haýasy möhümdir uzundan beter,
35
114
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.