efsane_tm
12.03.2024 11:12
Dodagyñda ýangyn barmyş diýdiler,
Ýanyña ýetmäge men ylgap geldim,
Alaw ýañagyña dolmuş diýdiler,
Yşgyñ sili bolup, men daşyp geldim.

Ýakyldym men yşk odyña bir gezek,
Çydamaly her jebire bu ýürek,
Asuda ýollary geçmäne derek,
Yşgyñ azabyny men aşyp geldim,

Mätäjiñ etme bu gamly Ömüri,
Söýgimi görmeýän gözleriñ körmi,
Päk söýgi bilen doldurup serimi,
Yşka serhoş bolup, men joşyp geldim.


Awtor: Ömürdag Tagandurdyýew
49
76
yurejik
12 Mart 2024
😯
namixas
12 Mart 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.