@mgm ,agzaň soragyna jogap ...
Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda Türkmen halkynyň taryhyny, onuň ruhy dünýäsini bäş eýýama bölýär.
Onuň birinjisi Oguz han Türkmeniň eýýamy bolup, ol biziň eramyzdan öňki 5 müňünji ýyllardan başlanyp, biziň eramyzyň 650-nji ýyllaryna çenli dowam edipdir.
Ikinjisi Gorkut ata eýýamy bolup, ol 650-nji ýyllardan başlap X asyra çenli bolan döwri öz içine alýar.
Üçünji döwür Görogly eýýamy X asyrdan başlanyp, XVI asyrda tamamlanýar.
Magtymguly Pyragy eýýamy dördünji döwür – XVII asyrdan başlap XX asyryň 91-nji ýylynyň 27-nji oktýabrynda gutarýar.
Ine şol gündenem bäşinji iň täze eýýam – Türkmenbaşy eýýamy başlandy.