eyle
11.03.2024 21:15
Şöhratparaz şahyr we meşhur goşguçy hakynda hekaýat

Diýenmiş bir şahyr meşhur goşguça:
" Nämüçin gezeñok, sen uça-uça?

Bilseñ, on ýyl bolan goşgy goşýanma,
Kän içim ýansa-da, tiz sowaşýanma.

Ol içim ýanmasy -- okyjylam kem...
Sowaşýanma sebäp, men deý juda kän.

Ençe kitaplary döretdim basym,
Diýip: " Söýülmese
bor
söýülmesin! "

Sen bolsa düýn gelip şygyr älemne,
Bu gün eýýam özüñ söýdürdiñ hemmä.

" Ýaş beýik şahyr " diýp, öwýäler ine,
Ýöne neçün bular gyzyk däl saña?! "

Goşguçy aýdypdyr: " Diñlegin şahyr,
Gün-günden solýaryn, ýagdaýym agyr.

Barýan
dogry ýoldan, sen bolsa egri,
Soradyñ
aýdaýyn
kalpda bar agry.

Ol agra sebäpkär şanly poezýañ
Gadyryny duzsyz şygyry ezýän...

" Men şahyr " diýp, gerlen goşguçylardyr,
Dereksiz zatlaryñ waspçylarydyr..."

Şirnazar Taganow
32
81
sabyrly
11 Mart 2024
Bir zatlara diýjek bolupdyr menä düşünmedim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.