hajymyratt
11.03.2024 20:03
Bu gün adyň setirlerime salsam,
Güýjüme däl, saňa daýanyp galsam,
Işde eglenibräk, ýadawrak gelseñ,
Derdinşip biz bilen çaýlardyñ kaka.

Ýagşy gylyklaryñ geçip ganyma,
Goşdy meni, il-ulusyñ sanyna,
Käte-de döz gelip, şirin janyña,
Durmuşyñ çuñlugyn boýlardyñ kaka.

Ykbal sepende-de çaly başyña,
Galkan bolup durduñ kakyp döşüñe,
Seretmän ol artyp barýan ýaşyña,
Çaga deý biz bilen oýnardyñ kaka.

Kemsinmedim, il içinde özümden,
Tejribe alardym, her bir sözüñden,
Şemala-da ýetdirmän kä yzymdan,
Begenjimden joşup ýaýnardym kaka.

Direlýän bolsady bägüller solsa,
Armanym ýok gowlukda adyñ galsa,
Ýitirsegem, ýene berilýän bolsa,
Men ýene-de seni saýlardym kaka.

Hajymyrat Goşaýew
20
32
sabyrly
11 Mart 2024
Malatsy gowy goşgy bolupdyr arada biri paýlaşdy şu goşgyny awtory kim diýsem blmk diýdi sen ekeniñä üstünlik
1414
11 Mart 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.