hasap
11.03.2024 18:26
Jeýhun bilen bahry Hazar arasy
Çöl üstünden öwser ýeli türkmeniň
Gül -gunçasy gara gözüm garasy
Gara dagdan iner sili türkmeniň

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy
Çurpynşar çölünde iner maýasy
Reňbe reň gül açar ýaşyl ýaýlasy
Gark bolmuş reýhana çöli Türkmeniň

Al ýaşyl bürenip çykar perisi
kükreýip bark urar anbaryň ysy
Beg , töre,aksakgal ýurduň eýesi
Küren tutar ,gözel ili türkmeniň

Ol Merdiň ogludyr metrdir Pederi
Görogly gardaşy serhoşdyr seri
Dagda düzde ,kowsa saýýatlar diri
Ala bilmez ,ol ýolbars ogly Türkmeniň

Küňüller ýürekler bir bolup başlar
Tarsa ýygyn ,erär , topraklar daşlar
Bir tuprada ,taýýar kylynsa aşlar
Göterler ol , ykbaly türkmeniň

Gapyl galmaz söweş güni har olmaz
Gargyşa ,nazara ,giriftar olmaz
Bilbilden aýrylyp ,solup saralmaz
Daýym ,anbar saçar güli türkmeniň

Tireler gardaşdyr ,urug ýarydyr
Ýyllar ters gelmez ,hakyň nurydyr
Mertler ,ata çyksa söweş sarydyr
Ýow , üstünden ýörär ýoly türkmeniň

Serhoş bolup çykar jiger daglanmaz
Daşlary ,syndyrar ýoly baglanmaz
Gözüm gaýra , düşse ,köňül eglenmez
Magtymguly sözlär tili türkmeniň

Awtor: Magtymguly Pyragy
36
23
okuwly
11 Mart 2024
Bu gosgy 5-nji klasda geçen gosgymyz dalmay😁😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.