ezizhan_hallyyew
10.03.2024 21:50
...


Hormat bolsun mertebäňde, adyňda
Durmuşyň oýnatgy ýeňlesi bolma
Garyp bolup ähli zatdan ýadaňda
Bäş manat pullylaň teňňesi bolma



Çydaman açlykdan öljek bolsaňam
Balykda et däl-de gylçyk bolsaňam
Atyň astyndaky palçyk bolsaňam
Gidip eşekleriň gaňňasy bolma



Wezipä üýtgeme üýtgetmesin çin
Bakyp aýagyndan asarlar geçiň
Gül wagtyň üç günlik bähbidiň üçin
Kül bolup geljegiň töňňesi bolma



Maňa galsa hiç aýralyk bolmasyn
Gyzlar bu diýenmi göwne almasyn
Aýryl,taşla, aglat aryň galmasyn
Ýone söýen ýigidiň ýeňňesi bolma
37
78
as98
10 Mart 2024
Hic hili söz yok 🌺 goşgy super.
manolya
10 Mart 2024
Aýtýana seredä illere bela ýalak gy)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.