flowers_
10.03.2024 18:49
BOLAÝJAK GEŇ ZATLAR (parodiýa)
“Gel, söhbet edeli agzymyz ýumup”
B.Gökleňow.



Gözümizi ýumup göreli kino,
Agzymyzy ýumup aýdym aýdaly.
Elimizi daňyp ýüzeli suwda,
Derýaň aňyrsyna baryp-gaýdaly.

Ylgaşaly aýagmyzy duşaklap,
Işdämizi kesip, iýeli owkat.

Zowladaly öýkenmizi aýyryp,
Gowzadaly gapyrgalaň arasyn.
Ýüregmizi aýryp goşgy ýazaly,
Okan halamasyn ýa-da halasyn.

Parhy näme,
Çyksa bolýa ýazanmyz.
Bizem poeziýadan galmarys çetde.
Agzymyzy ýumup söhbet ederis,
Redaktor gözün ýumup gol çekse...


✏Atamyrat ATABAÝEW.
39
72
sabyrly
11 Mart 2024
❤👍
ddddd
11 Mart 2024
@flowers_, okap goremok bu sahyryn gosgularny
flowers_
10 Mart 2024
@ddddd,👍😊, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamayrat A. gowy ýazýara.
ddddd
10 Mart 2024
Ylham Gurbanalyn gosgularna çalym etya...ilki son gosgusydyr diyip howes bln okadym welin dal eken..
manolya
10 Mart 2024
@flowers_, hawa )
flowers_
10 Mart 2024
@manolya, bolmajak zat ýok))
manolya
10 Mart 2024
@flowers_, 😬 dogry
flowers_
10 Mart 2024
@manolya, edil şu wagtky agzymyzy ýumup söhbet edişimiz ýalyda)
manolya
10 Mart 2024
Täsin goşgy eken ilkinji gezek okadym ))
manolya
10 Mart 2024
Eliňi daňyp suwda ýüzseň derýaň aňyrsyna barjagyň gümana 🤦😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.