hasap
10.03.2024 18:15
Ýörseň ,ýarym ,guwana men
Serwi,kamat boýlaryňa
Güllen puşeş ýaryşypdyr
Ajap rahat boýlaryňa

Men -bilbile eýläp azar
aldyň şirin janym nisar,
Züleýhadan galan zünnar
bolsun hajat boýlaryňa

Görsem roýuň ýok armanym
Sensiz , hazan ursun janym
Ykbalym ,dinim ,imanym
Kylam hormat boýlaryňa

Yşyk bilen men dat eýlär
Öwrenip men ,adat eýläp
Ömür ,ahyr perýat eýläp
ýetmez ,lahat boýlaryňa

Gören aşyk seda bolar
Il günden ,juda bolar
Magtymguly,pida bolar
Din ,keramat boýlaryňa

Awtor Magtymguly Pyragy
42
47
Tayler
12 Sentýabr 2024
Aýdymy gowy👍
lovelyy
10 Mart 2024
@hasap, gowy mnm siz gowmysynyz
hasap
10 Mart 2024
@lovelyy, hoş geldik gowmy ýagdaýyň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.