"Söýgi näme?"- diýdim zynjyrly Dälä
(Pikiri bilmek aýyp zat däl-ä)
Däli jogap berdi bir elhenç ses bilen:
"Men,men,men...
Ynha, Söýgi men"
"Söýgi näme?" diýdim bir ajap Gyza
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi:" Söýgi- meniň edebim haýam,
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm.
" Söýgi näme?" diýdim Şahyra garap
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap,
Diýdi: " Sorag bar- da, jogap ýok yşga
Jogap bir başgadyr,
Söýgi bir başga!"