awgust
10.03.2024 15:43
Bir gün sorag berdim garry atama,
"Bäş günlük ýalançy" diýmeklik näme?!

Atam gürrüň berdi, bize howlukman,
Hemişe şeýderdi göwnümiz ýykman.

Adamzadyň ömri bolsa-da uzyn,
Bäş güne bölüpdir danalar, guzym!

Dokuzyň dolduryp ineňde dünýä,
Ynha, muňa birinji gün diýilýär.

Ak mekdebe baryp, bereňde salam,
Bu seniň ikinji günüňdir, balam.

Ýigit çykyp, bolsa boylaryň derek,
Adama ýanýoldaş,bir höwür gerek.

Senem taýyň tapyp,öýlenseň bir gün,
Üçünji gün bolar,muny bek bilgin.

Dördünji günüňem ýat bekle, balam,
Sesi eşdilen güni kiçijik çagaň.

Adamzadyň ömri sähelçe gündir,
Demiň tükendimi, bäşinji gündir.



# Söhbet Esenow
❤️
44
110
awgust
10 Mart 2024
@kyas, @Myhman Myhman, @sabyrly, 👍
sabyrly
10 Mart 2024
Öñem okapdym ýetirip duruñ
Myhman Myhman
10 Mart 2024
👍🏻👍🏻
Myhman Myhman
10 Mart 2024
Manyly eken 💖💖💖💖😝👍👍👏👏👏👏👏
Myhman Myhman
10 Mart 2024
Muna bolsa adamyn butin omri diyilyar adamlar siz sol gysgaca wagtyn icinde hemmekime yagsylyk edip yasamaly sonda siz onat adam diyen ady alarsynyz
kyas
10 Mart 2024
Mesnewi görnüşde. Mundan has çuñlaşdyrylsa gulagynda ýañlanyp dursa. Häzir goşgyda duýgy ýok. Beýan bar.
awgust
10 Mart 2024
Hawa, gyzlar bu goşgyny menä haladyyym❤️
senorita
10 Mart 2024
Adamyñ bũtin õmrũni õkdelik bilen goşga sygdyrypdyr ❤️
flowers_
10 Mart 2024
Bir ömüri aýdypdyr👍👍
Myhman Myhman
10 Mart 2024
Gowy gosgy malades🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.