flowers_
10.03.2024 15:41

Durmuş sapaklary.




Az­dan baş­la­mak, bu ka­da­ly­dyr. Küý­ze kem-kemden dol­ýar. Is­len­dik ha­ly­pa, ha­çan-da bol­sa, bir­wagt

şä­girt bo­lan­dyr. “Ki­çi­si bol­ma­dy­gyň ulu­sy bol­maz” diý­li­şi ýa­ly, äh­li zat ki­çi­den baş­lan­ýar, şo­nuň üçin kiçi zat­la­ra bi­per­waý ga­ra­maň!

Eger-de siz haý­sy hem bol­sa, bir iş­de yzy­gi­der­li­li­gi sak­lap, sa­byr­ly bol­sa­ňyz, hök­man üs­tün­lik ga­za­nar­sy­ňyz!

Hiç ki­mem bir gün­de äh­li za­da ýe­ten däl­dir, kim­de-kim ki­çi­den baş­la­ma­ga

taý­ýar bo­lup, er­jel­lik bi­len zäh­met çek­ýän bol­sa, üstün­lik onuň hem­ra­sy­dyr.

Bi­ziň aňy­myz­–­biz.Siz nä­me hak­da pi­kir ed­ýän bol­sa­ňyz, şo­ňa gö­rä bo­lar­sy­ňyz. Eger adam ýa­ra­maz zat­la­ry aýd­ýan bol­sa ýa-da bet işi jäht edi­nen bol­sa, ol gam-gus­sa gi­riftar bo­lar. Eger-de adam päk ni­ýetli zäh­met çek­ýän bol­sa, bag­ty­ýar­lyk oňa sa­ýa sa­lyp, on­dan daş­laş­maz. Dog­ry ýa­şa­mak üçin aňy­ňy dog­ry pi­kir­ler bi­len dol­dur­ma­ly. Dog­ry-dürs dü­şün­je is­leýän zat­la­ry­ňy­zyň ba­ry­ny eçi­ler; nä­dog­ry dü­şün­je­ –­

ýa­ra­maz­lyk bo­lup, ahyr­so­ňy öz ba­şy­ňy­za ýet­ýär. Ähli ga­ba­hat iş­ler ak­lyň kem­ter­li­gi ze­rar­ly ýü­ze çyk­ýar.

Eger-de akyl-dü­şün­je öz­ger­se, ha­ta iş­ler bol­maz.

Içiň­de ga­har-ga­zap sak­la­mak, kim­dir bi­ri­niň üs­tüne zyň­mak mak­sa­dy bi­len eliň­de köz sak­lan ýa­ly bolup, ahyr­da-da oňa özüň kö­ýer­siň. Ha­çan-da,siz kimdir bi­ri­ne ýag­şy­lyk ede­ni­ňiz-de bu ýag­şy­ly­gy özü­ňi­ze

DURMUŞ SAPAKLARY ed­ýän­di­gi­ňi­zi unut­maň!

Sen öz ba­dy­ňy bas­man, hiç ki­miň ba­dy­ny ba­syp bil­mer­siň. Ba­gyş­la­ma­gy öw­ren, özem tiz ba­gyş­la­ma­gy öw­ren!

Se­niň he­re­ket­le­riň köp za­dy aň­lad­ýar. Ösüş üçin he­re­ket et­me­giň la­zym, tiz ösüş ga­zan­ma­gyň üçin

bol­sa, yzy­gi­der­li he­re­ket et­me­giň ge­rek. Hem­me­ler ga­zanç edip bil­ýär­ler, ýö­ne he­mi­şe he­re­ket­de bolýan­lar onuň nä­me­di­gi­ni bil­ýär­ler. Şeý­le­räk bir pä­him bar:

“Hu­daý her bir gu­şa gur­çuk ber­ýär, ýö­ne ony höwürt­ge­si­ne ok­la­ma­ýar”.


Dü­şün­mä­ge ta­gal­la ediň!

Biz ha­ky­kat üçin däl-de, eý­sem, özü­miz üçin gö­reş­mä­ge baş­la­dyk. Il­ki dü­şünjek bo­luň, di­ňe şon­dan soň, özü­ňi­ze dü­şün­mek­le­ri üçin ta­gal­la ediň!

Siz baş­ga bi­ri­niň nuk­daý­na­zar­la­ryna dü­şün­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry­ňy­zy et­me­li­si­ňiz.

Baş­ga­la­ry diň­läň, ola­ryň nuk­daý­na­zar­la­ry­na dü­şü­niň we şon­da ra­hat­ly­ga gow­şar­sy­ňyz.

Özü­ňi­zi ýe­ňiň!

Müň­ler­çe jeň­de ýe­ňe­ni­ňiz­den,

özü­ňiz­den rüs­tem ge­le­ni­ňiz ýag­şy­dyr. Şon­da ýe­ňiş size hem­ra bo­lar. Ony siz­den hiç bir güýç alyp bil­mez.

Özü­ňi ýeň­mek üçin öz pi­ki­riň­den rüs­tem gel­me­li. Siz öz ed­ýän pi­kir­le­ri­ňi­ze gö­zeg­çi­lik et­me­li. Çün­ki olar de­ňiz tol­kun­la­ry ýa­ly çyr­py­nyp bi­ler­ler.

Öza­ra saz­la­şyk­da ýa­şaň! 

Saz­la­şyk ýü­rek­den gelýär, ony da­şyn­dan göz­le­mäň!

Di­ňe öz ýü­re­gi­ňiz­de bo­lup bil­jek za­dy da­şyn­dan ag­tar­maň. Saz­la­şyk­–­bu

kal­by­ňyz­da­ky asu­da­lyk­dyr.

Şü­kür­li bo­luň!Nä­me­dir bir za­da şü­kür et­mä­ge nä­me­dir birzat­lar ta­pyl­ýar. Iň kyn pur­sat­lar­da-da hiç

ha­çan ruh­dan düş­mäň!

Şü­kür­li kalp si­zi beý­gel­der.



Terjime eden:

Ýegenmämmet TAÝLYÝEW.

39
117
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.