Bagt – diýlende, kellämize dürli-dürli pikirler gelýär. Bagty dürli kesgitlemeleriň üsti bilen düşündirmek mümkin.
Köp adamlaryň pikiriçe, bagt maddy üpjünçiligiň amatlylygy, girdejisi köp bolan wezipä eýe bolmak, ymarat ýaly jaýyň bolmagy, lýuks maşynlara eýe bolmak diýen ýaly düşünjeler ýüze çykýar. Aslynda, bu düşünjeleriň hiç biri dogry däl! Ýazyjy Ralph Waldo Emerson “Bagt”-y şu hili düşünjeler bilen düşündirýär:
►Ýygy-ýygydan ýürekden gülüp bilmekdir bagt;
►Adamlaryň we çagalaryň mährine, söýgüsine mynasyp bolup bilmekdir bagt;
►Bagt adamlaryň arasynda diňe ýagşylykda ýatlanmakdyr;
►Dostsyraýan adamlaryň arkaňa pyçak urup, dönüklik etmeklerine çydam edip bilmekdir;
►Bagt gözellikleri söýüp bilmekdir;
►Bagt her bir adamyň gowy tarapyny görüp bilmekdir;
►Hiç zada garaşman, pikirlenmezden özüňden bir zatlar berip bilmekdir bagt;
►Arkaňda sagdyn bir nesil, edep bilen terbiýelenen bir ruh, ideg edilen ýaşyl bir meýdan, dünýäniň hasam gözelleşmegine goşan goşandyňdyr bagt;
►Bagt göwnüň islegiçe gülüp, wagtyňy hoş geçirip bilmekdir;
►Ähli zady unudyp, ýürekden aýdym aýdyp bilmekdir, hakyky bagt;
►Iň bolmanda birje adamyň, seniň barlygyňda rahat ýaşap biljekdigine ynam bildirmegidir;
►Aza kanagat edip, baryňa şükür etmekdir bagt.
Ynha, hakyky bagt şudur!